Läle Şöhradowa çalt küşt boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Şu gün, 20:181,868

Türkmenistanly küştçi Läle Şöhradowa 20 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda çalt küşt (rapid) boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy.

Çempionat 16–26-njy awgust aralygynda Mumbaýda (Hindistan) geçirilýär. Ýaryş Bütinhindi küşt federasiýasynyň (AICF), Aziýa küşt federasiýasynyň (ACF) we Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) goldaw bermegi bilen Maharaştra ştatynyň Küşt assosiasiýasy tarapyndan guraldy. Çempionatyň üç ugry — nusgawy küşt, rapid we blitz boýunça 10 ýurtdan jemi 157 türgen hasaba alyndy.

Gyzlaryň arasynda rapid boýunça geçirilen ýaryşda ýedi ýurtdan: Hindistandan, Gazagystandan, Maldiwlerden, Nepaldan, Şri-Lankadan, Türkmenistandan we Özbegistandan 60 küştçi çykyş etdi.

Türkmenistana Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa, Leýla Şöhradowa we Läle Şöhradowa wekilçilik etdi.

Läle üçin altyna tarap ýol aňsat bolmady. Üçünji tapgyrda ol öz watandaşy, FIDE-niň zenanlar arasynda ussady (WFM) Jahan Rejepowadan utuldy, ýöne soň galan ähli döwleri ýeňiş bilen tamamlady. Hususan-da, altynjy we ýedinji tapgyrlar has dartgynly boldy, ýöne Şöhradowa iki duşuşygyň hem gidişini öz peýdasyna üýtgetmegi başardy we netijede birinji orna çykdy.

Ýedinji tapgyryň netijeleri boýunça ol 6 utuk toplady we goşmaça görkezijiler boýunça hindistanly küştçi Pratiti Bordoloýdan öňe geçdi.

Läle Şöhradowa üçin bu häzirki birinjilikde alan eýýäm ikinji medalydyr. 17-nji awgustda ol blitz boýunça ýaryşda kümüş baýraga mynasyp boldy.

20-nji awgustda Mumbaýda esasy – nusgawy küşt boýunça ýaryş başlandy. Ol şweýsar ulgamy boýunça dokuz tapgyrda geçirilýär we 26-njy awgustda tamamlanar. Bu ugurdaky ýeňiji zenanlaryň arasynda halkara ussat (WIM) diýen ady we zenanlaryň grossmeýsteriniň (WGM) balyny alar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.