«Mançester Sitiniň» we Ispaniýanyň ýarymgoragçysy Rodriniň ykbalynda bolup geçen duýdansyz öwrüm soňky günler futbol dünýäsiniň esasy habarlarynyň birine öwrüldi.
Madridiň «Realy» bilen geçirilen uzak hem çynlakaý gepleşiklere garamazdan, ýakynda tamamlanan Dünýä çempionatynyň ýeňijisi we iň gowy oýunçysy duýdansyz ýagdaýda karýerasyny «Barselonada» dowam etmek kararyna geldi.
Insaýder Nikolo Skiranyň habar bermegine görä, 30 ýaşly ýarymgoragçy katalonlylar bilen dört ýyllyk şertnamany eýýämden ylalaşdy. Şertnama boýunça ol salgytlar tölenenden soň ýylda arassa 15 million ýewro gazanar. Bu maglumaty ygtybarly žurnalist Fabrisio Romano hem tassyklaýar. Ol «Barselonanyň» «Mançester Siti» bilen resmi gepleşikleri alyp barýandygyny hem-de geleşigiň şowly tamamlanjagyna birjik-de şübhelenmeýändigini belleýär.

Surat emeli aň arkaly döredildi
Katalonlylar oýunçy üçin ilkibada 45 million ýewro teklip edipdirler, emma «Siti» has köp pula tamakin. Häzir taraplaryň 55 million ýewro möçberinde elleşendikleri, indi diňe ownuk-uşak goşmaça meseleleri çözäýmegiň galandygy habar berilýär.
Futbolçynyň özüne gezek galanda, ol klubuny üýtgetmek barada islegini aýdyň beýan etdi. Ýarymgoragçynyň agenti Pablo Barkeronyň aýtmagyna görä, «Reala» bolan hormaty sebäpli Rodri olaryň ebedi bäsdeşlerine geçmek karary barada hut özi habar beripdir.
Merkezdäki esasy oýunçysyny ýitiren «Mançester Siti» haýal etmän onuň ornuny tutjak futbolçynyň gözlegine çykdy. Janluka Di Marsionyň berýän maglumatyna görä, iňlis kluby «Çelsiniň» 25 ýaşly argentinaly oýunçysy Enso Fernandes bilen ýakyndan gyzyklanýar. «Sitiniň» baş tälimçisi Enso Mareska özi bilen atdaş futbolçyny gowy tanaýar we öz toparynda göresi gelýär.
«Barselona» «Altyn topuň» eýesini öz tarapyna çekýänçä, Madridiň «Realy» şu tomusyň iň uly we iň gymmat transferini resmileşdirdi. Patyşalyk kluby «RB Leýpsigden» 19 ýaşly Kot'd-Iwuarly winger Ýan Diomandeni öz hataryna goşdy. Şertnama 2033-nji ýyla çenli niýetlenen. Transfer üçin madridliler 125 million ýewro bererler, ýetmesi aňsat bonuslary göz öňünde tutsaň, bu mukdar hatda 140 million ýewro çenli ýetýär. Bu bolsa ylalaşygy Madrid klubunyň taryhynda rekord derejä çykarar. Şeýle hem geleşik futbol taryhynda iň gymmat 10 transferiň hataryna girdi we geçen ýyl Florian Wirtsiň «Baýerden» «Liwerpula» geçendäki görkezijini gaýtalady.

Şol bir wagtyň özünde «Real» öz ýyldyz hüjümçisi Winisius Žunioryň gelejegi baradaky meseläni hem çürt-kesik etdi. Mundan ozal köpçülikleýin habar serişdeleri braziliýaly futbolçynyň «Arsenala» geçip biljekdigi baradaky gep-gürrüňleri işjeň gyzdyrdylar. Oýunçy hatda jemgyýetçilik torlaryndan Madrid klubunyň ähli agzalýan ýerlerinem pozup çykansoň ýagdaý has hem gyzgalaňly göründi. Emma eýýäm ertesi gün Winisius 2032-nji ýyla çenli täze şertnama gol çekip, ähli gep-gürrüňleriň soňuna sogan ekdi. Şertnamanyň uzaldylandygyny ol şeýle teswirledi:
«Bernabeuda» sekiz ýyl — diýseň az… Ýene alty ýyl we hemişelik, «Real» Madrid».
«Barselonanyň» rowaýaty üçlügi birikmegi ähtimal
Neýmar öň «Barselonada» bile oýnan dostlary Lionel Messi we Luis Suares bilen (agzalanlaryň birinji ikisi «PSŽ-de» hem bile çykyş etdiler) ýene birikmegi mümkin. «Liberta Depre» neşiriniň Felipe Melo salgylanyp berýän maglumatyna görä, braziliýaly ýyldyz karýerasyny «Inter Maýamide» dowam edip biler, ýöne ol MLS çempionatyna geçäýeninde-de, 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçjegi aýdylýar.

«Santos» toparynda çykyş edýän 34 ýaşly futbolçy bu möwsümi Braziliýada tamamlap, soň tutuş karýerasyna nokat goýýança «Inter Maýamide» oýun görkezesi gelýär.
Ýöne häzirlikçe bu gürrüňler diňe myş-myşlygyna galýar.
«PSŽ» bazarda işjeň söwda edýär
«Monakonyň» 24 ýaşly çetki hüjümçisi Magnes Akliuş «PSŽ-niň» düzümine geçdi. Ol 11-nji belgide çykyş eder. Transfer 50 million ýewro düşer, şertnama bolsa 2031-nji ýyla çenli niýetlenen.
Ondan soňra fransuz kluby «Aston Willadan» 33 ýaşly çet goragçy Luka Dini hem satyn aldy. Çempionlar ligasynyň ýeňijisi täze oýunçy üçin 7 million ýewro tölär. Din Fransiýanyň paýtagtyna gaýdyp gelýär, sebäbi ol öň, ýagny 2013-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda «PSŽ» toparynda eýýäm çykyş edipdi.
Mundan başga-da, «PSŽ-niň» düzümine «Barselonanyň» ispaniýaly hüjümçisi, DÇ-2026-nyň altyn golunyň awtory Ferran Torresiň hem goşuljagy barada maglumat bar. Marca neşirine ynansaň, ol parižliler bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekmäge razylyk beripdir. Kataloniýalylar mundan takmynan 50 million ýewro gazanyp biljegi aýdylýar.
Bu transferleriň netijesinde bilermenler Bredli Barkolýanyň tiz wagtdan «Liwerpula» gitmegine garaşýarlar. Iňlis kluby onuň üçin 115 million ýewro tölemäge razy, ýöne «PSŽ» 150 million soraýar. Iki tarapyň hem eglişige gitmegi gaty ähtimal.
Beýleki iri transferler:
- «Liwerpul» goragyny berkitmek üçin «Barselonanyň» merkezi goragçysy we kapitany Ronald Arauhony kärendesine aldy. Klub soňlugy bilen onuň üçin 55 million ýewro töläp, özünde alyp galmak hukugyny hem şertnamada göz öňüne tutdy.
- «Arsenal» 87,75 million ýewro berip, braziliýaly ýarymgoragçy Bruno Gimaraensi «Nýukasldan» satyn aldy. Üstesine-de Winisiusy yryp bolmany üçin londonlylar «Ýuwentusda» çykyş edýän türk hüjümçisi Kenan Ýyldyz bilen gyzyklanyp başladylar. Emma Corriere dello Sport neşiriniň ýazmagyna görä, italýan kluby azyndan 100 million ýewro berilmejek bolsa, tekliplere seretjek hem däldigini ýaňzydýar.
- «Mançester Siti» 18 ýaşly ýarymgoragçy Aýýub Buaddi üçin Fransiýanyň «Lill» klubyna ummasyz pul hödürleýär — 100 million ýewro. Marokkoly ýaş zehine uly ynam bildirilýär. Megerem, Rodriniň öwezini doljagyna garaşýandyrlar.

- Onýança «Sitiniň» ikinji derwezebany Jeýms Trafford APL-iň ortatap kluby bolan «Lidsiň» esasy derwezebanyna öwrüldi. Transferiň bahasy iňlis derwezebanlary üçin rekord bolan 47 million ýewro deň boldy.
- Stambulyň «Fenerbahçe» kluby belgiýaly hüjümçi Romelu Lukaku bilen ylalaşyga geldi we «Napoli» topary bilen gepleşikleri geçirýär. Türk kluby 33 ýaşly hüjümçi üçin takmynan 6 million ýewro teklip edýär.
- «Tottenhemiň» we Argentinanyň goragçysy Kristian Romero «Atletiko» bilen birleşmek üçin Madride göçmäge taýýarlanýar. Futbolçy eýýäm özüni satmaklaryny haýyş etdi, «Atletiko» bolsa onuň bilen möwsümde 6 million ýewro zähmet haky bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama gol cekmek barada ylalaşdy. Emma insavderleri[ habar bermegine görä, Ronald Arauhony «Liwerpula» kärendesine ugradan «Barselona» hem goragynyň merkezini ýapmak üçin Romero bilen gyzyklanyp başlady. Katalonlar Madridiň ýene bir klubundan oýunçy «çiläýse-hä» gaty gülkünç bolardy.