Harri Keýn «Altyn butsyny» aldy

Şu gün, 19:152,061
1 / 4

«Bawariýanyň» we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýne 2025/26 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» gowşuryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy ýazýar.

Dabaraly çäre çarşenbe güni, 19-njy awgustda Mýunhen klubunyň muzeýinde geçirildi.

«Altyn butsy» her ýyl UEFA-a girýän ýurtlaryň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardirine berilýär.

Geçen möwsümde Angliýanyň ýygyndysynyň kapitany Bundesliganyň 31 duşuşygynda 36 gol geçirip, Ýewropa ligalarynda möwsümiň iň gowy bombardiri boldy. Ol 72 utuk toplap, ýakyn bäsdeşlerinden — Erling Holanddan («Mançester Siti», 54 utuk) we Kilian Mbappeden («Real Madrid», 50 utuk) öňe geçdi.

33 ýaşly Keýn üçin bu karýerasynda ikinji «Altyn butsy» boldy. Birinjisini ol 2023/24 möwsüminiň netijeleri boýunça alypdy. Şol döwürde Harri «Bawariýada» ilkinji möwsümini geçirip, öz hasabyna 36 gol ýazypdy.

Keýn taryhda bu baýragy iki gezek almagy başaran onunjy futbolçy boldy. Rekord Lionel Messä degişli — argentinaly futbolçy «Altyn butsyny» alty gezek aldy.

Harri Keýn «Bawariýada» 2023-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol topar bilen bilelikde iki gezek Germaniýanyň çempiony boldy, bir gezekden bolsa ýurduň Kubogyny we Superkubogyny utdy.

2026/27 möwsüminde «Bawariýa» ilkinji duşuşygyny şenbe güni, 22-nji awgustda Germaniýanyň Superkubogynda Dortmundyň «Borussiýasyna» garşy geçirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.