Boeing 737 we 787 uçarlarynyň ogurlanan çyzgylary satuwa çykaryldy

10.08.2026, 06:485,097

Darknetde Boeing 737 we 787 uçarlarynyň önümçiligi bilen bagly inženerçilik resminamalary satuwa çykaryldy. Arhiw 70 GB möçberindäki maglumaty öz içine alýar. 

Kiber jenaýatkär bu maglumatlar üçin takmynan 200 müň dollar soraýar, şol bir wagtyň özünde bahany "ylalaşmaga" taýýardygyny mälim edýär.

Maglumatlar Sekisui Chemical ýapon konglomeratynyň ABŞ-daky SEKISUI Aerospace kompaniýasyndan ogurlanandygy çaklanylýar. Bu kompaniýa kompozit we termoplastik materiallardan awiasiýa komponentlerini öndürýär hem-de Boeing 737 we 787 maksatnamalaryna üpjün ediji hökmünde gatnaşýar.

Hakeriň tassyklamagyna görä, arhiwde PDF formatynda iş çyzgylary, inženerçilik STEP-faýllary, üç ölçegli (3D) modeller, materiallaryň we düzüm bölekleriniň spesifikasiýalary, önümçilik enjamlary baradaky maglumatlar hem-de aýry-aýry bölekleri ýasamak boýunça tehnologik prosesleriň beýany bar.

Boeing-iň hakyky katalog belgileri we uçarlaryň fýuzelýažy, ganaty, güýç gurluşlary hem-de interýeri bilen bagly resminamalar aýratyn üns çekýär. Şeýle hem arhiwde ýygnalýan enjamlaryň göwrümli modelleri we aýry-aýry önümçilik amallarynyň beýanlarynyň bardygy aýdylýar.

Resminamalaryň käbirinde ABŞ-nyň eksport gözegçiligi bilen bagly bellikleriň bardygy hem mälim edilýär. Eger faýllar hakykylygy çyn bolsa, olaryň satylmagy diňe bir maglumat howpsuzlygyna däl, eýsem belli bir tehniki maglumatlary geçirmek we eksport etmek boýunça amerikan çäklendirmeleri bilen bagly amallara-da zeper ýetirip biler.

SEKISUI Aerospace diňe Boeing bilen hyzmatdaşlyk etmeýär. Onuň alyjylarynyň we hyzmatdaşlarynyň hatarynda Spirit AeroSystems, Triumph Group, NASA, Lockheed Martin we Northrop Grumman ýaly kompaniýalar hem bar. Şeýle-de bolsa, şol guramalaryň hem gizlin materiallarynyň ogurlanandygyna şaýatlyk edýän tassyklama ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.