ABŞ-da ýaşuly adamlary dümewden gorajak ilkinji mRNK sanjymy makullanyldy

10.08.2026, 14:111,923
1 / 2

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän müdiriýeti (FDA) ýurtda ilkinji gezek mRNK tehnologiýasy esasynda taýýarlanan dümew sanjymyny makullady.

Moderna kompaniýasynyň «mFLUSIVA» serişdesi ýaşy 50-den agan adamlar üçin niýetlenendir. Derman 2026–2027-nji ýyllaryň respirator dümew möwsüminden başlap ulanylyp bilner.

«mFLUSIVA ýaşuly amerikanlar üçin örän peýdaly täze mümkinçiligi hödürleýär» diýip, Moderna kompaniýasynyň baş direktory Stefan Bantsel habar berdi.

Onuň pikiriçe, sanjyma berlen rugsatnama mRNK platformasynyň yzygiderli ylmy innowasiýalar arkaly jemgyýetiň saglygyny goramakdaky ähmiýetini görkezýär.

FDA-nyň resmi rugsatnamasyny almazdan öň, bu sanjym 3 tapgyrly kliniki synaglardan geçirildi. Şol synaglara 11 ýurtdan 50 we ondan uly ýaşdaky adamlaryň 41 müň sanysy gatnaşdy.

Karar kabul edilende, ýaşy 65-den geçen 3 müňe golaý amerikan raýatynyň gatnaşmagynda geçirilen aýratyn ylmy barlaglaryň netijeleri hem göz öňünde tutuldy.

COVID-19 pandemiýasyndan soň giňden ýaýran mRNK tehnologiýasyny binýat edinen bu sanjym ABŞ-da ilkinji dümew sanjymy bolar.

Ýewropada bu derman serişdesi häzirlikçe barlagdan geçirilýär. Şu ýylyň başynda Ýewropanyň derman serişdeleri boýunça agentligi (EMA) 50 we ondan uly ýaşly adamlary COVID-19-dan we dümewden goramak üçin «mCombriax» garyşyk mRNK sanjymyna rugsatnama beripdi. ABŞ-da bolsa bu derman serişdesi häzirlikçe makullanmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.