Türkmenistan we Ýaponiýa aýlawly ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk eder

18.08.2026, 19:202,224

17-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda ROTOBO bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylyň 14-16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetleriniň 16-njy mejlisine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan aýlawly ykdysadyýet boýunça bilelikdäki taslamalar barada pikir alyşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.