Patrik Wieýra Senegalyň milli futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada ýurduň futbol federasiýasy habar berdi.
Hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti takyk aýdylmady.
50 ýaşly Wieýra iýul aýynda Dünýä çempionatynyň 1/16-njy tapgyrynda Belgiýadan ýeňilenden soň wezipesinden aýrylan Pap Týawyň ornuny tutdy.
Wieýranyň soňky işlän ýeri Italiýanyň "Jenoa" klubydy. Mundan öň ol "Strasbur" we "Nissa" fransuz klublarynda, Angliýanyň "Kristal Palas" we ABŞ-nyň "Nýu-Ýork Siti" klublarynda tälim beripdi.
Asly senegally Wieýra futbolçy hökmünde Fransiýanyň milli ýygyndysynda oýnapdy we onuň düzüminde 1998-nji ýylda Dünýä çempionatynda we 2000-nji ýylda Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazanypdy.
