Täze möwsümden başlap Angliýanyň Premýer-ligasy (APL) eminleriň jedelli çözgütlerini düşündirýän teswirleri we Esasy wakalar boýunça komissiýanyň (KMI) kararlaryny köpçülige elýeter eder. Bu barada BBC habar berýär.
Öňler bäş agzadan ybarat bolan we jedelli oýun epizodlaryna seredýän KMI-niň kararlary diňe klublara hem-de eminlere ugradylýardy, ýöne giň köpçülige ýetirilmeýärdi.
Komissiýanyň kararlaryndan başga-da, janköýerler eminleriň we wideoassistentleriň kabul edilen çözgütleri düşündirýän teswirleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem «RefCam» emin kamerasyna alnan pursatlaryň, oýunçylar bilen gürrüňdeşlikleriň audioýazgylary çap ediler.
Materiallar APL-iň oýun merkeziniň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky hasabynda, şeýle hem liganyň resmi saýtynda we ykjam goşundysynda ýerleşdiriler.
Öňler janköýerlere we žurnalistlere diňe jedelli epizodlaryň umumy beýany berilýärdi.
APL-de resminamalaryň we düşündirişleriň çap edilmeginiň emin kararlaryna baha bermek prosesini has hem aç-açan etjekdigine ynanýarlar.