Toyota we Lexus kysymly ulaglarynda oturdylýan V35A seriýasyna degişli 3,5 litrlik goşa turbokompressorly V6 hereketlendirijilerini barlamagyň resmi tertibini girizdi. «TheDrive» portalyň habar bermegine görä, hereketlendirijiler plastik çekiç bilen urlup barlanylýar.
Hereketlendirijini söküp görmeklik gymmada düşýän iş. Bu usul bolsa kolenwalyň ilkinji düýp podşipniginiň ýagdaýyny anyklamaga we hereketlendirijini çalyşmak ýa çalyşmazlyk barada karar kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýa 2024-nji ýyldan bäri birnäçe gezek, jemi 250 müňden gowrak Toyota we Lexus ulagyny (şol sanda Toyota Tundra) yzyna ýygnamaly bolupdy. Olaryň hereketlendirijileriniň içine öndürilen wagty metal bölejikleriniň düşüp bilendigi anyklanyldy. Olar motoryň durmagyna we hatardan çykmagyna getirýän düýp düwünleri zaýalaýar.

Täze düzgüne görä, barlag şeýle tertipde geçirilýär: ussa hereketlendirijini gyzdyrýar, enjamlaryň kemerlerini aýyrýar we kolenwalyň şkiwine («3 sagat» pozisiýasynda) plastmass çekiç bilen üç gezek takyk urýar.
Birikdirilen akselerometr wibrasiýalary we rezonans ýygylygyny hasaba alýar, ýörite programma bolsa nädogry urgulary hasapdan aýyrýar we maglumatlary Toyota-nyň bulut serwisine iberýär. Ulgam hereketlendirijiniň esasy podşipniginiň könelme derejesini kesgitleýär we hereketlendirijini doly çalyşmagyň zerurlygy ýa-da onuň saz ýagdaýdadygy barada netije çykarýar.