Corolla-nyň 60 ýyllygyny Toyota ýönekeýje ýubileý wersiýa bilen belleýär

Şu gün, 18:381,671
1 / 6

Toyota kompaniýasy Corolla-nyň 60 ýyllyk ýubileýine bagyşlap, amerikan bazarynda modeliň ýörite wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Ýöne bu wersiýa öz ýubileýine-de gijä galýar – ulag satuwa diňe 2027-nji ýylyň başynda çykar.

Corolla ilkinji gezek 1966-njy ýylda Ýaponiýada satuwa çykarylypdy.

Täze 60th Anniversary Special Edition modeli 1,8 litrlik hereketlendirijä esaslanýan 140 at güýji bolan gibrid motorly Hybrid SE komplektasiýasynyň binýadynda döredildi.

Adaty Corolla-dan bu wersiýa Supersonic Red atly ýiti gyzyl reňki we 18 dýuýmlyk diskleri bilen tapawutlanar. Ulagdaky adaty emblema derek ýubileý nyşanlary goýlar. Şeýle bezeg nyşanlary bosagalarda we düşekçelerde hem peýda bolar.

Standart komplektasiýa 10,5 dýuýmlyk ekrany bolan multimediýa ulgamy girer. Salonda özboluşly gara-gyzyl öwüşginli bezegler bolar.

ABŞ-nyň bazary üçin jemi 2500 nusga çykarylar. Ýubileý wersiýasynyň bahasy edil satuwy başlamazynyň öňüsyrasy mälim ediler.

ABŞ-da adaty Corolla Hybrid SE 27,6 müň dollardan satylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.