Camry-nyň enjam paneli ýüzügara boldy: Toyota-nyň 508 müň ulagynda näsazlyk tapyldy

10.08.2026, 15:498,735

Toyota kompaniýasy ABŞ-da, takmynan, 508 müň Camry sedanyny yzyna ýygnaýar. Olaryň enjamlar panelinde näsazlyk tapyldy diýip, Forbes neşiri habar berýär.

Ýüze çykan näsazlyk ABŞ bazarynda satylan, 2025-nji we 2026-njy ýyllarda öndürilen modellere degişlidir.

Esasy kemçilik programma ýalňyşlygyndan ybaratdyr. Ol zerarly hereketlendiriji otlananda paneliň ýüzi garalygyna galýar. Netijede, sürüji iň möhüm maglumatlardan: ulagyň barýan tizligi, ulgamlaryň sazlaşykly işleýşi ýaly birnäçe maglumatlardan mahrum bolýar.

Bu näsazlyk 7 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edilen LE, SE we Nightshade wersiýalarynda duş gelýär. 12,3 dýuýmlyk ekranly gowulandyrylan XLE we XSE görnüşlerinde beýle kemçilik tapylmady.

Hünärmenler näsazlygyň has köp ýagdaýlarda ýüze çykýandygyny belleýärler. Programma üpjünçiligindäki kemçilik diňe bir ekrandaky maglumatlaryň ýitmegine däl, eýsem öwrüm görkezijileriniň (poworotnikleriň), heläkçilik duýduryş çyralarynyň we sesli duýduryşlaryň (meselem, kemer dakylmadyk bolsa ýa-da salonda elektron açar galdyrylan bolsa habar berýän signalyň) öçmegine hem sebäp bolup bilýär. Şeýle näsazlyklar awtoulagy federal howpsuzlyk talaplaryna gabat gelmeýän ýagdaýa getirýär. Bu bolsa sürüjilere jerime salynmak töwekgelçiligini döredýär we ýollarda heläkçilikli ýagdaýlaryň ähtimallygyny artdyrýar.

Programma üpjünçiligini mugt täzelemek üçin serwis merkezine baryp görmek zerurlygy baradaky bildirişler ähli näsaz awtomobil eýelerine 2026-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli iberiler.

Näsazlygy irräk aradan aýyrmak isleýänler üçin kompaniýa ýörite reýestr döretdi. Onuň üsti bilen eýeleri resmi portalda awtomobilini VIN-belgisi boýunça barlap bilerler.

Şeýle giň gerimli yza çagyryş kampaniýasy modeliň juda meşhurlygy bilen düşündirilýär: diňe 2026-njy ýylyň özünde Amerikada şeýle sedanlaryň 180 000-den gowragy satyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.