Raga garşy sanjymyň üstünliginden soň Moderna-nyň paýnamalary bir günde 173% gymmatlady

Düýn, 13:413,385

Amerikanyň Moderna biotehnologiýa kompaniýasy deri ragyna (melanoma) garşy şahsy mRNT sanjymynyň üçünji synag tapgyrynyň üstünlikli geçendigini mälim etdi. Bu habardan soň kompaniýanyň paýnamalary NASDAQ biržasynda 19-njy awgustda, bir günüň içinde 173,19% gymmatlady.

Paýnamalaryň bahasy Aşgabat wagty bilen sagat 18:30-da galyp başlady, söwdalar 174,38 dollar derejede ýapyldy.

Moderna we Merck derman öndüriji kompaniýalary mRNA-4157 serişdesiniň üçünji tapgyr synaglarynyň deslapky üstünlikleri barada habar berdiler. Barlaga 1 137 hassa gatnaşdy. Sanjym keseliň gaýtalanmazlygy hem-de ýaýramazlygy boýunça esasy görkezijilere ýetmegi başardy.

Derman serişdesi çişiň genetik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, her bir hassa üçin şahsy görnüşde hem-de mRNK tehnologiýasy esasynda işlenip düzülýär. Kompaniýanyň habar bermegine görä, Intismeran we pembrolizumab dermanlarynyň bilelikdäki emi ýeke pembrolizumab bilen bejergi geçirenden has kämil kliniki netijeleri görkezdi.

Pembrolizumab dermanynyň düýp özeninde çişiň immun ulgamynyň işini bökdemegine ýol bermeýän birmeňzeş goraýjy bedenjikler (immunoglobulinler) durýar.

Netijeler köpçülige mälim edilenden soň, Merck kompaniýasynyň paýnamalary hem gymmatlady. Iň ýokary ösüş nokadynda paýnamalaryň bahasy 11,7% artyp, bir paýnama üçin 151 dollara ýetdi.

Habar paýlaşylandan soň Moderna-nyň umumy gymmaty 69,62 milliard dollardan gowrak boldy. Kompaniýa özüniň iň ýokary görkezijisine — 180 milliard dollardan gowrak möçbere — COVID-19-a garşy sanjymy çykaran wagty, ýagny 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ýetipdi. Emma soňky birnäçe ýylyň dowamynda onuň paýnamalary kem-kemden arzanlapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.