«Monako» Pogba bilen şertnamany ýatyrdy – ol möwsümde 115 minut oýnady: transfer täzelikleri

Şu gün, 16:092,759
1 / 3

Ýewropanyň we dünýäniň futbol klublary täze möwsümiň öňüsyrasynda oýunçylary satyn almagy we olar bilen hoşlaşmagy dowam etdirýär. Günüň iň esasy habarlarynyň biri Pol Pogbanyň «Monakodan» gitmegi boldy.

Fransuz kluby 33 ýaşly ýarymgoragçy bilen ikitaraplaýyn razylyk boýunça şertnamany möhletinden öň ýatyrdy. 2018-nji ýylyň dünýä çempiony indi klubsyz galdy.

Futbolçy topar üçin geçen möwsümden bäri çykyş edip, bary-ýogy alty duşuşyga gatnaşypdy (jemi 115 minut oýnady), emma şol oýunlarda-da hiç hili netije görkezmedi.

Özüniň iň gowy ýyllarynda Pol Pogba dünýäniň iň gowy oýunçylarynyň simwolik ýygyndylaryna, «Altyn topa» dalaşgärleriň sanawlaryna we dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň top-reýtinglerine yzygiderli girýärdi.

Onuň karýerasynyň iň ýokary derejesi «Ýuwentusdaky» ilkinji döwrüne (2012–2016-njy ýyllar) we «Mançester Ýunaýteddäki» karýerasynyň birinji ýarymyna gabat geldi.

Yzygiderli ýüze çykan agyr wakalar onuň karýerasyna atanak çekdi: Pogba üznüksiz şikesler, doping dawasy, uzak möhletleýin diskwalifikasiýa we maşgala dramasy sebäpli güýçli psihiki basyşy geçirdi.

2022-nji ýylda «Ýuwentusa» gaýdyp gelenden soň ol menisk şikesini aldy. Pogba Katardaky DÇ-ä ýetişmek umydy bilen operasiýadan uzak wagtlap ýüz öwürdi. Netijede barybir operasiýa etmeli boldy, ýaryşy hem barybir sypdyrdy, dyzy bolsa ahyryna çenli dikelmän galdy. Uzak hereketsizlik sebäpli her gezek meýdança gaýdyp gelmek synanyşygynda onuň but hem-de injik myşsalary ýyrtylýardy. «Monako» baranyndan soňam ol çep budundaky yzygiderli agyry we sag dyzyndaky meseleler sebäpli köp oýna çykyp bilmedi. Indi bu klubam ondan umydyny üzdi.

2022-nji ýylda Pogbanyň şahsy durmuşynda güýçli sarsgyn boldy. Parižde ony ýaragly we ýüzleri nykaply adamlar öýde daşyny gulplap saklady. Olar futbolçyny ýyllarboýy «gorandyklary» üçin ondan 13 million ýewro talap etdi. Bu toparyň guramaçysy Poluň öz süýtdeş dogany Matia bolup çykdy. Bolup geçen wakadan soň kazyýet derňewi, köpçülikleýin aýyplamalar we haýbatlar başlandy. Pol bu wakanyň öz mental saglygyna uly zeper ýetirendigini gürrüň beripdi.

2023-nji ýylyň güýzünde Pogba testosteron sebäpli doping barlagyndan geçmedi. Ilkibaşda futbolçy 4 ýyl möhlet bilen futboldan çetleşdirildi. Bu ony karýerasyny soňlabermeli ýagdaýa getirdi. Ýöne Sport arbitraž kazyýeti (CAS) bu maddanyň organizme goşundylar arkaly tötänleýin düşendigine ynanyp, çäklendirmäni 18 aýa çenli azaltdy.

Muňa garamazdan, Pol topar bilen türgenleşmän, bir ýarym ýylyny sypdyrdy. Ondan soňam öňki kaddyna gelip bilmedi.

Beýleki transferler barada gysgaça:

  • Fabrisio Romano: Geçen möwsümde Italiýanyň çempiony bolan Milanyň «Interi» Jon Stounzy we Jed Spensi satyn alandan soň, 35 million ýewro berip, ýene bir iňlis futbolçysyny – «Liwerpulyň» 25 ýaşly ýarymgoragçysy Körtis Jonsuň transferini ylalaşdy.

  • «Mançester Siti» niderlandly ýarymgoragçy Tijani Reýndersi Saud Arabystanynyň «Al-Kadisiýa» toparyna 61 million ýewro satdy.
  • «Aston Willa» hem bazarda işjeň hereket edýär: birmingemliler Italiýanyň «Parmasyndan» 23 ýaşly ýapon derwezebany Dzion Sudzukini, Madridiň «Atletikosyndan» çep goragçy Matteo Rujerini (25 million ýewro) satyn aldy we «West Hemden» Aaron Wan-Bissakany kärendä almagy ylalaşdy. Şol bir wagtyň özünde iňlis goragçysy Ezri Konsa, Romanonyň maglumatyna görä, «Aston Willany» terk edip, 51 million funt sterlinge (59 million ýewro) we bonusa Londonyň «Arsenal» toparyna geçýär.
  • The Athletic: «Nýukasl» «Arsenala» geçen Bruno Gimaraýnsyň ornuna «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Niko Gonsalesi satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar.
  • The Athletic: «Tottenhem» «Mançester Sitiden» winger Sawinýony we hüjümçi Omar Marmuşy jemi 150 million funt sterlinge (175,5 million ýewro) satyn almaga ýakyn.
  • 19 ýaşly hüjümçi ýarymgoragçy Rodrigu Mora «Portudan» «Roma» 25 million ýewro geçdi (portugallar oýunçynyň geljekki satuwyndan 50% alar).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.