Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýerli
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýerli
16.01.2026 23:11
13k+
Bathyzdaky fotoduzak ýene-de bir ene alajabarsy surata düşürdi
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda oturdylan fotoduzak öňki Aziýa alajabarsynyň ikinji bir wekilini we onuň çagasyny surata düşürdi. Alnan maglumatlar Türkmenistanyň günortasynda bu iň seýrek duş gelýän ýyrtyjynyň durnukly köpelýän toparynyň kemala gelendigine şaýatlyk edýär
16.01.2026 22:34
2.4k+
Wenada Türki döwletleriň guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde türkmen medeniýetiniň sergisi geçirildi
Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň ýyly» şygary astynda geçmegi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen gurallady
16.01.2026 22:23
5.6k+
Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler
Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar
16.01.2026 21:53
1.6k+
Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler
15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar
16.01.2026 21:46
2.2k+
Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
16.01.2026 17:59
4.1k+
Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda çagalaryň futbol festiwaly geçirildi
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda ýaş türgenler üçin nobatdaky futbol festiwaly geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň futzal kluby bilen bilelikde guraldy
16.01.2026 17:47
4.8k+
17-18-nji ýanwarda Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi
Dynç alyş günlerinde Aşgabatda tomaşaçylaryň isleglerine laýyk dürli gyzykly çäreler bolar. 18-nji ýanwarda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norwegiýaly ýazyjy we dramaturg Genrik Ibseniň eseri esasynda goýlan «Gurjagyň öýi» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar
16.01.2026 16:18
19k+
«Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygy üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 500 meýletinçi taýýarlanýar
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler
16.01.2026 12:19
6.4k+
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlaw möwsüminiň başlanandygyny yglan etdi
14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirilip, onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy
16.01.2026 12:15
2.9k+
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nemes professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär
12 — 16-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) Germaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Okuw maslahatynyň dowamynda bilim bermekde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara derejesinde hünärini ýokarlandyrmaga hem-de tejribe alyşmaga aýratyn üns berilýär
16.01.2026 12:02
2.8k+
Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler
Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda duşuşyklar geçirdiler
16.01.2026 11:53
1.4k+
Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda konsertde Paganininiň, Simmeriň we Marianelliniň eserlerini ýerine ýetirer
30-njy ýanwarda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli sazlar orkestriniň konserti geçiriler. Köpçülige hödürlenjek "Saýlanan eserler" (Избранное) atly maksatnama orkestriň öňki çykyşlarynyň iň şowly we meşhur saz eserlerinden düzüldi
16.01.2026 11:40
4.9k+
Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar
2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar
16.01.2026 11:25
2k+
Aşgabatda aprelde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
15.01.2026 23:57
1.8k+
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
14-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
14.01.2026 18:53
33k+
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi
14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir
14.01.2026 11:39
1.8k+
Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän TOPIK synagyna gatnaşmak üçin arzalar alnyp başlandy
Aşgabatda koreý dilini biliş derejesini kesgitleýän 105-nji synag (TOPIK) geçiriler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy yglan etdi. Synaga gatnaşmak baradaky giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak, şeýle hem arzanyň nusgasyny ýükläp almak üçin ilçihananyň saýtyna girip bilersiňiz
14.01.2026 11:35
8.7k+
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde öňdebaryjy bilim işgärleri sylaglanyldy
12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Çäre mugallymlaryň milli bilim we terbiýeçilik ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryny ykrar etmäge bagyşlandy
14.01.2026 11:30
4.1k+
Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy
Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir
13.01.2026 15:21
2.7k+
Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy
12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
13.01.2026 15:18
6.2k+
Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy
12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
13.01.2026 10:20
6.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy
12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
12.01.2026 18:07
2.7k+
Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy
12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy
12.01.2026 17:59
23k+
Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklaryna 194 sany täze awtotehnika gelip gowuşdy
Aşgabadyň jemagat hojalygy gulluklarynyň awtoparky Aşgabat şäher häkimliginiň ygtyýaryna berlen 194 sany täze ulaglar we tehnikalar bilen dolduryldy. Täze tehnikalar şäher infrastrukturasyny arassalamak, abadanlaşdyrmak we oňa hyzmat etmek üçin niýetlenendir diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi (THP) habar berýär
12.01.2026 17:52
20k+
Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi
Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar
12.01.2026 17:01
5.3k+
IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar
«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir
12.01.2026 16:19
2k+
Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdäniň söwdalarynyň jemi 45 million dollardan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Owganystanyň
12.01.2026 16:15
1.9k+
Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 64-nji mejlisi geçirildi
10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler. Türkmenistanyň
12.01.2026 07:30
14k+
Hepdelik howa maglumaty: Türkmenistanyň tutuş çäginde gar gatyşykly ýagyş ýagar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar
11.01.2026 14:47
7k+
Arkadag şäherindäki mekdep daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwrüler
Arkadag şäherindäki umumy bilim berýän mekdebini döwrebaplaşdyrmak we ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek meýilleşdirilýär. Bu barada 10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda şäheriň häkimi G
11.01.2026 14:11
9.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky işler bilen tanyşdy
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi
11.01.2026 13:52
7.1k+
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty döredildi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty işe girizildi. Resmi web-saýty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
10.01.2026 19:18
3.3k+
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň düzgünnamasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň saýtynda çap edildi
10.01.2026 19:10
3.7k+
ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär
10.01.2026 13:58
133k+
TMBIZ platformasynda – MEGA ÝARYŞ yglan edildi
TMBIZ internet platformasy – söwda we hyzmatlar ulgamynda hödürlenýän teklipleri ilata ilkinji gezek gysga wideo akymlaryň üsti bilen ýetirmäge niýetlenen sanly gurşawdyr. Bu barada biz öň hem habar beripdik. TMBIZ ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we AppStore Saýt: tmbiz
10.01.2026 11:59
17k+
Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady
9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň 2026-njy ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýerler garamagyndaky pudaklarda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdiler
09.01.2026 14:50
3.8k+
Türkmenistan we BMG 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişýärler
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
09.01.2026 14:38
2.4k+
Türkmenistanyň daşary işler ministri hindi ilçisi bilen duşuşdy
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
09.01.2026 12:28
16k+
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler boýunça okuw maslahatlary geçiriler
2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin, Bagtyýarlyk, Köpetdag we Berkararlyk etrap salgyt bölümleri Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar boýunça okuw maslahatlaryny geçirer
09.01.2026 10:33
4.6k+
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn dilinde neşir edildi
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
«
1
…
16
17
18
…
160
»
«
1
…
13
14
15
16
17
18
19
20
21
…
160
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.