IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

12.01.2026, 17:015,337

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär.

Frontend programmirleme okuwlary
Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir.
Okuw maksatnamasyna şular girýär:

  • HTML, CSS we JavaScript-iň esaslary;
  • uýgunlaşýan (adaptive) we dürli brauzerlere sazlaşykly düzülişiň (layout) ýörelgeleri;
  • ulanyjy interfeýsleri bilen işleşmek;
  • amaly ýumuşlar we real taslamalaryň seljermesi.

Bu kurs Frontend ugry boýunça karýerasyna başlamak isleýänler ýa-da sanly ulgamda isleg bildirilýän ukyplara eýe bolmak isleýänler üçin niýetlenendir.

«Python dilinde programmirlemegiň esaslary» okuwy
Python — dünýäde iň meşhur we köptaraply programmirleme dilleriniň biridir. «Python-yň esaslary» okuwy täze başlaýanlar we programmirlemegiň binýatlyk ýörelgelerini özleşdirmek isleýänler üçin niýetlenendir.
Okuw döwründe diňleýjiler şulary öwrenerler:

  • Python diliniň esasy gurluşlary;
  • algoritmik pikirlenmegiň esaslary;
  • maglumatlar bilen işleşmek;
  • arassa we düşnükli kod ýazmagyň kadalary.

Bu okuw geljekde Backend programmirleme, maglumatlar seljermesi (data analytics), awtomatlaşdyrma we beýleki IT-ugurlarynda ösmek üçin ygtybarly binýat bolar.

 

IT NOKADY merkezinde okamagyň artykmaçlyklary:

  • amalyýete gönükdirilen okuw formaty;
  • real iş tejribesi bolan mentorlar (halypalar);
  • döwrebap okuw gurşawy;
  • okuwyň ähli tapgyrlarynda goldaw;
  • tejribe taslamalary (stažirowka);
  • hakatonlara gatnaşmak mümkinçiligi.

Okuwlaryň ikisi hem 28-nji ýanwarda başlanar. Toparlarda ýerleriň sany çäklidir.
Goşmaça soraglar üçin telefon belgileri:
+993 63 47 11 92;
+993 63 42 67 51.

Şeýle hem şu salgy boýunça habarlaşyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.