Syýasat we ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Müsüri Ynkylap güni bilen gutlady
23.07.2025 06:37
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Müsüri Ynkylap güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň ähli halkyna Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
Hytaý dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna başlady
22.07.2025 19:45
13k+

Hytaý dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna başlady

HHR-iň Döwlet geňeşiniň premýeri Li Sýan Tibet awtonom sebitindäki Ýarlung Sangpo derýasynda dünýäde iň uly gidroelektrostansiýanyň gurluşygynyň başlandygyny yglan etdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär
Hytaýyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
22.07.2025 09:57
4.3k+

Hytaýyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

21-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowa özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
22.07.2025 09:50
12k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Ýaponiýada dolandyryjy koalisiýa LDP-niň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek parlamentde köplügi ýitirdi
21.07.2025 19:06
6.1k+

Ýaponiýada dolandyryjy koalisiýa LDP-niň 70 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek parlamentde köplügi ýitirdi

20-nji iýulda geçen saýlawlaryň jemi boýunça Ýaponiýada dolandyryjy koalisiýa parlamentiň ýokarky palatasynda zerur orun sanyny alyp bilmedi. Bu barada NHK habar berýär. Liberal-demokratik partiýany we “Komeýto” partiýasyny öz içine alýan koalisiýa gaýtadan saýlanan 124 mandatdan (palatada jemi 248 orun) azyndan 50-isini almagyna garaşypdy
Türkmenistanyň biržasy müşderiler üçin täze «Şahsy otag» ulgamyny işe girizdi
21.07.2025 18:56
4.9k+

Türkmenistanyň biržasy müşderiler üçin täze «Şahsy otag» ulgamyny işe girizdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy resmi saýtynda müşderiler üçin täze «Şahsy otag» ulgamyny işe girizdi. Ulgam hödürlenýän hyzmatlaryň aýdyňlygyny, elýeterliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döredildi
Hytaýyň täze ilçisi Szi Şumin Türkmenistana geldi
21.07.2025 18:21
5.4k+

Hytaýyň täze ilçisi Szi Şumin Türkmenistana geldi

19-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin maşgalasy bilen bilelikde Aşgabada geldi. Aşgabadyň halkara howa menzilinde ilçini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we HHR-iň ilçihanasynyň işgärleri garşyladylar
Awazada geçiriljek BMG-niň halkara maslahatynyň (LLDC3) ýörite ykjam goşundysy işlenip düzüldi
21.07.2025 14:07
8.7k+

Awazada geçiriljek BMG-niň halkara maslahatynyň (LLDC3) ýörite ykjam goşundysy işlenip düzüldi

4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjaklar üçin LLDC3 ykjam goşundysy işlenip düzüldi
Aşgabat we Kabul bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar
21.07.2025 12:20
4.4k+

Aşgabat we Kabul bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň ýurdumyzdaky ilçisi Fazl Mohammad Saberiň duşuşygy boldy. Bu barada Bakhtar news agentligi Owganystanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy
20.07.2025 14:46
7.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy

18-nji iýulda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanyň we Tunisiň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar
20.07.2025 14:40
2.2k+

Türkmenistanyň we Tunisiň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlardaky tunisliler boýunça ministri Mohamed Aly Nafti telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy
20.07.2025 14:34
4.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy

18-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Leghari bilen duşuşdy. Milli Parlamentiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, D.Gulmanowa ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi
Türkmenistanyň ilçisi Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
19.07.2025 18:05
6.8k+

Türkmenistanyň ilçisi Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

17-nji iýulda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Pawel Utýupin bilen Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň DIM-i Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirdi
19.07.2025 14:33
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-i Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirdi

18-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi. Bu barada DIM-niň metbugat gullugy habar berdi
Hytaýda dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy 40 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder
19.07.2025 14:22
4.9k+

Hytaýda dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy 40 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder

China Huaneng Group we Dongfang Electric Corporation döwlet kompaniýalary dünýäde iň güýçli diýlip hasaplanylýan 17 megawattlyk göni birikdirilen deňiz ýel turbinasyny işe girizdi diýip, Interesting Engineering ýazýar
Mitsubishi Heavy Industries "Garabogazkarbamid" zawodyna serwis hyzmaty boýunça şertnama gol çekişdi
19.07.2025 14:07
7.9k+

Mitsubishi Heavy Industries "Garabogazkarbamid" zawodyna serwis hyzmaty boýunça şertnama gol çekişdi

Mitsubishi Heavy Industries, Ltd. kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd. (MHI-AP) «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Türkmenistanyň iri dökün zawody bolan Garabogazkarbamid zawodyna serwis hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça üç ýyllyk  şertnama gol çekdi
Buharestde Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy
19.07.2025 14:00
2.7k+

Buharestde Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Rumyniýa Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň 8-nji mejlisine taýýarlanyp başladylar. Mejlis 2025-nji ýylyň güýzünde Buharesde geçiriler. Bu mesele Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Maýa goýum we daşarky söwda agentliginiň wise-prezidenti Doru-Klaudian Frunzulikeniň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy
Tramp steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada kanuna gol çekdi
19.07.2025 13:12
8.9k+

Tramp steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada kanuna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 18-nji iýulda steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada ilkinji federal kanuna gol çekdi. Bu barada Bloomberg habar berýär. “Steýblkoin pudagynda milli innowasiýalary dolandyrmak we kesgitlemek barada kanun” (GENIUS Act) atly resminama steýblkoin amallary üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmäge gönükdirildi
Kriptobazaryň kapitalizasiýasy 4 trln dollara golaýlady
19.07.2025 13:02
3.1k+

Kriptobazaryň kapitalizasiýasy 4 trln dollara golaýlady

Dünýäniň kriptowalýuta bazarynyň kapitalizasiýasy rekord 3,91 trln dollara ýetip, täze taryhy görkezijä golaýlady. Sanly aktiwlere bolan gyzyklanmanyň ýokarlanmagy bilen esasy walýutalaryň bahasy hem ösdi. Bitkoiniň bahasy ýene-de ýokary galyp, 14-nji iýulda hasaba alnan iň ýokary derejä golaýlady – 123 müň dollardan gowrak
Türkmenistan Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirer
19.07.2025 12:59
11k+

Türkmenistan Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirer

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň Halkara howa menzilleriniň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
Hökümet mejlisinde awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada aýdyldy
19.07.2025 12:51
6k+

Hökümet mejlisinde awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada aýdyldy

18-nji iýulda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça teklibi goldady
19.07.2025 12:49
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça teklibi goldady

18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär
Türkmenistan Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama goşulmagy meýilleşdirýär
19.07.2025 12:04
13k+

Türkmenistan Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama goşulmagy meýilleşdirýär

18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşar
19.07.2025 11:59
2.7k+

Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmagy barada taýýarlanan teklibi makullady
Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama tassyklanyldy
19.07.2025 07:29
16k+

Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama tassyklanyldy

«Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tailanddaky ilçisini belledi
19.07.2025 07:26
7.5k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tailanddaky ilçisini belledi

18-nji iýulda Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi
Hytaýyň Hebeý welaýatynda gös-göni balyk howuzlarynyň üstünde Gün fermasy işe girizildi
18.07.2025 12:59
10k+

Hytaýyň Hebeý welaýatynda gös-göni balyk howuzlarynyň üstünde Gün fermasy işe girizildi

Pekiniň Dajin Heavy Industry kompaniýasy Hebeý welaýatynyň Tanşan şäherinde özboluşly energetika desgasyny işe girizdi. Taslama 250 megawattlyk Gün elektrik stansiýasyny balyk hojalygy bilen utgaşdyrýar. 353 gektar meýdanda 370 000 sany ikitaraplaýyn Gün panelleri işläp başlady
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna garabag tohumyndan bolan bedew sowgat berildi
18.07.2025 07:36
22k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna garabag tohumyndan bolan bedew sowgat berildi

17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr
Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň öý-muzeýine we Göwher Aga metjidine baryp gördi
18.07.2025 07:28
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň öý-muzeýine we Göwher Aga metjidine baryp gördi

17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi
18.07.2025 07:18
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi

17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy
18.07.2025 06:12
3.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
17.07.2025 18:20
2.6k+

Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady
17.07.2025 16:53
16k+

Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi
Raşid Meredow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
17.07.2025 16:42
1.9k+

Raşid Meredow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Kaliforniýada ilkinji gezek elektrik energiýasynyň üçden iki bölegi arassa çeşmeleriň paýyna düşdi
17.07.2025 14:27
2.4k+

Kaliforniýada ilkinji gezek elektrik energiýasynyň üçden iki bölegi arassa çeşmeleriň paýyna düşdi

2023-nji ýylda Kaliforniýanyň elektrik energiýasyna zerurlyklarynyň 67%-i arassa energiýanyň hasabyna üpjün edildi. Bu öňdebaryjy dünýä ykdysadyýetleriniň arasynda rekord görkezijidir. Ştatyň gubernatory Gewin Nýusom Kaliforniýanyň federal häkimiýetleriň hereketlerine garamazdan ýaşyl energetikany ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi
17.07.2025 13:22
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň çäklerinde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow garşyladylar
Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
17.07.2025 13:09
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

16-njy iýulda Azerbaýjanda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
17.07.2025 12:35
7.1k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

16-njy iýulda Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
17.07.2025 12:27
7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady

16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna baryp, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy
Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
17.07.2025 12:05
16k+

Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

16-njy iýulda Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.