Lexus täze nesil gibrid ES300h modeli üçin sargytlary kabul etmäge başlady
24.03.2026 13:27
7.4k+

Lexus täze nesil gibrid ES300h modeli üçin sargytlary kabul etmäge başlady

Lexus kompaniýasy Hytaýyň bazarynda täze nesil ES sedany üçin sargytlary kabul edip başlady. Häzirki wagtda alyjylara diňe gibrid görnüşindäki ES300h modeli hödürlenýär. Esasy komplektasiýanyň bahasy 309 müň ýuandan (46 350 dollar) başlanýar
Portugaliýaly kitapsöýer ýetginjek okamagy ýoň edýär
24.03.2026 13:16
2.8k+

Portugaliýaly kitapsöýer ýetginjek okamagy ýoň edýär

Portugaliýadan 13 ýaşly Fransişku Boržes atly ýetginjek özüniň kitaba bolan söýgüsi we mekdep okuwçylarynyň öňünde edýän çykyşlary bilen meşhurlyk gazandy. Onuň kitaba bolan höwesi aýagy döwlüp, öýde uzak wagtlap bejergi alan döwürleri has-da güýçlendi
Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi
Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen gepleşikler geçirdi
24.03.2026 11:06
6.7k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen gepleşikler geçirdi

23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy
Türkmenistan we Hytaý gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdy
24.03.2026 11:01
2.9k+

Türkmenistan we Hytaý gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdy

23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
Barlaglar ýaşlykdaky uky tertibiniň dowamlylygy bilen uzak ýaşamagyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy
24.03.2026 10:52
5.7k+

Barlaglar ýaşlykdaky uky tertibiniň dowamlylygy bilen uzak ýaşamagyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy

Käwagt iň ýönekeý endiklerimiz biziň pikir edişimizden has möhüm bolup bilýär. Science žurnalynda çap edilen täze ylmy tejribe uka täzeçe garamaga mejbur edýär. Oňa görä, ýaşlykdaky uky tertibi adamyň geljekde näçe ýaşajakdygyny kesgitläp biler
«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik
24.03.2026 10:21
2.6k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN
Seýrek duş gelýän Ferrari FXX K giperkary €5 mln baha bilen auksionda satylar
24.03.2026 09:33
2.6k+

Seýrek duş gelýän Ferrari FXX K giperkary €5 mln baha bilen auksionda satylar

RM Sotheby's 2018-nji ýyldaky Ferrari FXX K giperkaryny auksionda satmagy meýilleşdirýär. Awtoulagyň deslapky satuw bahasy 5,2–5,7 million ýewro aralygynda kesgitlenýär. Bu awtoulaglardan diňe 40 sanysy öndürilipdir
«”Awe Mariýa” taslamasy» şu ýyl başlangyçda iň köp girdeji gazanan film boldy
24.03.2026 08:26
1.7k+

«”Awe Mariýa” taslamasy» şu ýyl başlangyçda iň köp girdeji gazanan film boldy

«”Awe Mariýa”taslamasy» atly ylmy-fantastik drama Amazon MGM studiýasynyň taryhynda başlangyç görkezişlerde iň köp girdeji getiren film boldy. Bu hakda Variety neşiri habar berýär. Raýan Goslingiň gatnaşmagyndaky film Demirgazyk Amerikada 80,5 mln, halkara bazarlarda bolsa 60,4 mln, jemi dünýä derejesinde 140,9 mln dollar gazandy
Türgenleriň kellesine degýän urgular olaryň geljegine nähili täsir edýär? Alymlaryň jogaby
24.03.2026 07:48
16k+

Türgenleriň kellesine degýän urgular olaryň geljegine nähili täsir edýär? Alymlaryň jogaby

Alymlar sportuň kontaktly görnüşleri bilen meşgullanmagyň ýetirýän täsiriniň köp ýyllap saklanyp biljekdigini anykladylar. Ylmy barlaglar beýniniň gorag böwediniň sport karýerasy tamamlanandan soň hem onlarça ýyllap zeperli bolup galýandygyny görkezdi
BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy
24.03.2026 07:08
4.3k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy
Timoti Şalame emeli aň baradaky romanyň esasynda film surata düşürmegiň üstünde işleýär
24.03.2026 07:07
2.2k+

Timoti Şalame emeli aň baradaky romanyň esasynda film surata düşürmegiň üstünde işleýär

Timoti Şalame Riçard Pauersiň The Playground ("Çagalaryň oýun meýdançasy") romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýar. Ol taslamany Warner Bros. bilen bilelikde durmuşa geçirer diýip, "Deadline" habar berýär . Aktýoryň filmde baş keşbi janlandyrjagy ýa janlandyrmajagy entek belli däl
Mr. Pringles we süýri totuguş: Nikon Comedy Wildlife Awards-yň gülkünç suratlary
23.03.2026 22:21
5.6k+

Mr. Pringles we süýri totuguş: Nikon Comedy Wildlife Awards-yň gülkünç suratlary

Nikon Comedy Wildlife Awards fotosurat bäsleşigi 2026-njy ýyl üçin suratlaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi. Bu mynasybetli guramaçylar 2025-nji ýyldaky bäsleşige gelip gowşan, öň çap edilmedik gyzykly suratlary görkezdiler
Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy
23.03.2026 21:50
3.5k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy
Tesla Model Y sökülen görnüşde görkezildi: ine, awtoulagyň skeleti
23.03.2026 21:23
6.8k+

Tesla Model Y sökülen görnüşde görkezildi: ine, awtoulagyň skeleti

Tesla kompaniýasy Model Y elektrik ulagyny doly sökülen görnüşde görkezdi.  Kompaniýa onuň gurluşynyň we esasy tehnologik çözgütleriniň syryny açdy. Bu ädimi bilen Tesla gigakasting tehnologiýasyna üns çekýär — ol uly iri galyplaýjy maşynlary ulanýar, bu bolsa kuzowyň uly böleklerini birgiden böleklerden ýygnamagyň ýerine, bir bitewi görnüşde öndürmäge mümkinçilik berýär
Gazagystanda piramida şekilli gökdirän binalar toplumyny gurup başladylar
23.03.2026 17:05
9.7k+

Gazagystanda piramida şekilli gökdirän binalar toplumyny gurup başladylar

Gazagystanda Skidmore, Owings & Merrill (SOM) binagärlik kompaniýasy tarapyndan taslanan Alatau Iconic Complex and Gateway District taslamasy gurluşygyň başlangyç tapgyryna girdi. Bu toplum häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän hem-de ýurduň ykdysady we administratiw merkezi bolmaly Alatau şäherinde ýerleşer
Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi
23.03.2026 16:58
5.5k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar
«Göribiň gözi çyksyn!»: Türkiýedäki 1500 ýyllyk mozaikadan şeýle ýazgy tapyldy
23.03.2026 16:47
7.3k+

«Göribiň gözi çyksyn!»: Türkiýedäki 1500 ýyllyk mozaikadan şeýle ýazgy tapyldy

Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenaryndaky gadymy Siedra şäherinde arheologlar takmynan 1500 ýyllyk, gowy saklanan we gadymy grek dilinde degişmeli ýazgylar ýazylan mozaikany tapdylar. Onuň ýüzünde «Göribiň gözi çyksyn
Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi
23.03.2026 16:40
2.1k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar
FIFA zenanlar ýygyndy toparlaryny tälimçiler düzümine aýal-gyzlary goşmaga borçly etdi
23.03.2026 16:00
4.3k+

FIFA zenanlar ýygyndy toparlaryny tälimçiler düzümine aýal-gyzlary goşmaga borçly etdi

Halkara futbol assosiasiýalarynyň federasiýasy (FIFA) zenanlar toparlaryny tälimçiler düzümine aýal-gyzlary goşmaga borçly etdi. Bu çözgüt guramanyň geňeşiniň mejlisinde kabul edildi we onuň resmi saýtynda ýerleşdirildi
Özbegistanda internetde paýyş sözleri we kemsitme ulananlar üçin jerimeler girizilýär
23.03.2026 15:56
4.4k+

Özbegistanda internetde paýyş sözleri we kemsitme ulananlar üçin jerimeler girizilýär

«Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Kanunçylyk palatasy internetde kemsitmeler we paýyş sözler üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan täze kanuny kabul etdi. Resminama häzirki wagtda Senatyň garamagyna iberildi» diýip, Gazeta
Dünýäniň iň uly parowozy ABŞ-nyň 250 ýyllygynyň şanyna syýahata çykdy
23.03.2026 15:44
9.6k+

Dünýäniň iň uly parowozy ABŞ-nyň 250 ýyllygynyň şanyna syýahata çykdy

Union Pacific kompaniýasy dünýäniň iň uly işleýän parowozy bolan «Big Boy No. 4014-i» ýurduň 250 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ABŞ boýunça syýahata ugratdy. Gezelenç 29-njy martda Waýoming ştatynyň Şaýenn şäherinden başlanar
Doňdurylan syçanlar bilen geçirilen synag baky ýaşaýyş hakda täze jedeliň döremegine sebäp boldy
23.03.2026 15:21
6.8k+

Doňdurylan syçanlar bilen geçirilen synag baky ýaşaýyş hakda täze jedeliň döremegine sebäp boldy

“Geljegiň hatyrasyna doňmak” baradaky gürrüňler köpden bäri ylmy gözlegleriň, jedelleriň we hatda tankytlaryň temasy bolup gelýär. Şeýle-de bolsa, laboratoriýada alymlar janly beýnini saklamaga synanyşyklarda näderejede uzaga gidip boljagyny seresaplylyk bilen barlamagy dowam etdirýärler
Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy
23.03.2026 15:10
3.3k+

Çökgünlige düşen Ralph & Russo-nyň ýyldyzlara geýdiren lybaslary satlyga çykaryldy

Bäsleşikli söwda öýi «Bonhams» 2021-nji ýylda bergili çykyp, öz işini togtadan Ralph & Russo-nyň 322 sany dizaýner lybasyny satuwa çykardy. Satuwa çykarylan gymmatbahaly geýim-gejimleriň, aýakgaplaryň we beýleki esbaplaryň içinde öň Megan Markl, Monika Belluççi, Heýli Biber, Rita Ora we Jessika Alba ýaly meşhurlara degişli bolan zatlar hem bar
VAR ulgamynyň ýygy-ýygydan goşulmak meselesi sebäpli UEFA sammit geçirer
23.03.2026 14:47
2.9k+

VAR ulgamynyň ýygy-ýygydan goşulmak meselesi sebäpli UEFA sammit geçirer

UEFA Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda VAR ulgamynyň ulanylyşyny maslahatlaşmak üçin tomusky sammiti geçirer. «Bi-bi-si-niň» habar bermegine görä, bu duşuşygyň geçirilmegini guramanyň eminler komitetiniň başlygy Roberto Rozetti öňe sürdi
Küýki hem burunlak: Ýaponiýada dünýäniň iň «betgelşik» uçary görkezildi
23.03.2026 14:05
9.7k+

Küýki hem burunlak: Ýaponiýada dünýäniň iň «betgelşik» uçary görkezildi

Ýaponiýanyň täze reaktiw uçary Kawasaki EC-2 özüniň geň we adatdan daşary daşky keşbi bilen köpçüligiň, esasan hem awiasiýa höwesjeňleriniň ünsüni çekdi. Ýük daşaýjy uçaryň binýadynda döredilen bu model, özüniň «çişen» burny we göwresiniň ýokarky bölegindäki iki sany äpet büküri bilen beýleki uçarlardan düýpli tapawutlanýar
Nemes matematigi 60 ýyllyk meseläniň çözgüdi üçin Abel baýragyny aldy
23.03.2026 13:40
3.8k+

Nemes matematigi 60 ýyllyk meseläniň çözgüdi üçin Abel baýragyny aldy

Nemes matematigi Gerd Faltings 1983-nji ýylda öňe sürlen Mordell çaklamasynyň subutnamasy üçin 2026-njy ýylyň Abel baýragynyň eýesi boldy. Bu barada «New Scientist» neşiri habar berýär. Bu çaklama 1922-nji ýylda Luis Mordell tarapyndan düzülipdi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi
23.03.2026 13:18
14k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektoryny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. TDH-niň habar bermegine görä, bu wezipä Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi. Döwlet
McDonald’s restoran brendleriniň arasynda liderligini saklady: gymmaty 42,6 milliard dollar
23.03.2026 10:47
2.8k+

McDonald’s restoran brendleriniň arasynda liderligini saklady: gymmaty 42,6 milliard dollar

Brand Finance kompaniýasynyň wersiýasyna görä, McDonald’s bassyr ikinji ýyl iň gymmat restoran brendleriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. 2026-njy ýylda brendiň bahasy 5% ýokarlanyp, 42,6 milliard dollara ýetdi
Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi
23.03.2026 10:34
2.6k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär
Teýlor Swift ABŞ-nyň ses ýazgysy senagatynyň girdejisini rekord derejä ýetirdi
23.03.2026 10:26
1.2k+

Teýlor Swift ABŞ-nyň ses ýazgysy senagatynyň girdejisini rekord derejä ýetirdi

2025-nji ýyda ABŞ-nyň sazçylyk pudagynyň umumy girdejisi rekord derejä –11,5 milliard dollara ýetdi. Bu barada Variety neşiri Amerikanyň ses ýazgysy kompaniýalar birleşigine salgylanyp habar berýär. Tölegli striming abunalaryndan gelýän girdejiler 6,8% ösüp, 5,88 milliard dollara ýetdi
Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy
23.03.2026 09:30
4k+

Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand küşt taslamalarynyň maýadary boldy. Ol norwegiýaly işewür Morten Borge bilen bilelikde Chess Mates kompaniýasyny esaslandyrdy. Bu kompaniýa Norway Chess ýaryşynda we täze döredilen Total Chess World Championship ýaryşynda paý aldy
Panamada iň ownuk ýaprakly agaç tapyldy: görnüş derrew ýitmek howpy astynda diýlip yglan edildi
23.03.2026 09:29
5.7k+

Panamada iň ownuk ýaprakly agaç tapyldy: görnüş derrew ýitmek howpy astynda diýlip yglan edildi

Smitson institutynyň botanikleri Panamada Clusia nanophylla atly täze agaç görnüşini resmi taýdan beýan etdiler. Bu ösümligiň taryhy 2000-nji ýylda Serro-Kolorado daglyk sebitinden başlandy, ýöne bilermenleriň onuň özboluşlylygyny tassyklamagy üçin 25 ýyl gerek boldy
Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär
23.03.2026 07:22
6.6k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär
Şri-Lankada ýangyç ulag belgisiniň tertip sanyna görä guýulýar
23.03.2026 07:13
5.3k+

Şri-Lankada ýangyç ulag belgisiniň tertip sanyna görä guýulýar

Mash Telegram-kanaly Şri-Lankada ýangyjy awtoulagyň döwlet belgisiniň tertip sany boýunça satyp başlandyklaryny habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu düzgün beketlerdäki nobaty azaltmak maksady bilen girizildi
Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi
23.03.2026 07:08
2.1k+

Xiaomi 902 km çenli ýol ätiýajy we lidary bolan täze nesil SU7 modelini hödürledi

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy birnäçe kämilleşdirmeler bilen täzelenen SU7 elektromobilini resmi taýdan hödürledi. Indi CLTC sikli boýunça ulagyň geçýän ýoly 902 km ýetýär, LiDAR ulgamy ähli wersiýalaryň adaty üpjünçiligine goşuldy, Max wersiýasynda bolsa zarýad kuwwaty 897 wolta çenli ýokarlandy
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady
23.03.2026 06:56
3k+

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife, şeýle hem ýurduň halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady
«Mançester Siti» «Arsenaly» utup, 9-njy gezek Liganyň kubogyny gazandy
23.03.2026 05:29
6.3k+

«Mançester Siti» «Arsenaly» utup, 9-njy gezek Liganyň kubogyny gazandy

«Mançester Siti» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda Londonyň «Arsenal» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we öz taryhynda dokuzynjy gezek bu kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Londonyň «Wembley» stadionynda geçirildi
Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar
23.03.2026 05:29
3.6k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi
ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy
23.03.2026 05:25
4.7k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.