VAR ulgamynyň ýygy-ýygydan goşulmak meselesi sebäpli UEFA sammit geçirer

23.03.2026, 09:472,943

UEFA Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ligalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda VAR ulgamynyň ulanylyşyny maslahatlaşmak üçin tomusky sammiti geçirer. «Bi-bi-si-niň» habar bermegine görä, bu duşuşygyň geçirilmegini guramanyň eminler komitetiniň başlygy Roberto Rozetti öňe sürdi.

Duşuşyga Angliýanyň premýer-ligasynyň, Ispaniýanyň La Ligasynyň, Italiýanyň Seriýa A, Germaniýanyň Bundesligasynyň we Fransiýanyň Liga 1-iniň wekilleri çagyryldy.

Sammiti geçirmek baradaky çözgüt Rozettiniň futbolyň «VAR-yň mikroskopik derejesindäki goşulmalary ugry boýunça» ösmeli däldigi baradaky beýanatyndan soň kabul edildi.

«Meniň pikirimçe, biz VAR-yň näme sebäpden girizilendigini unutdyk. Ol obýektiw çözgütlerde örän gowy. Ýöne düşündirmeli ýerlerde subýektiw garaýşa daýanmak kyn. Hut şonuň üçin biz aýdyň we görnetin ýalňyşlyklarda — anyk subutnamalarda goşulmak barada gürrüň edip başladyk» — diýip, ol belledi.

VAR-yň ulanylyş ýygylygy dürli ligalarda tapawutlanýar. Iň ýokary görkeziji Fransiýada (Liga 1) — her oýunda 0,47 goşulma. Seriýa A-da — 0,44, Çempionlar ligasynda — 0,45, Bundesliga we La Ligada — 0,38. Iň pes görkeziji bolsa Angliýanyň premýer-ligasynda hasaba alyndy — oýun başyna 0,275 goşulma.

Mundan ozal, Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi burçdan urulýan toplary we ikinji sary kartlary barlamaga rugsat bermek bilen, VAR-yň ygtyýarlyklaryny giňeltdi. Täze düzgünler 1-nji iýundan başlap güýje girer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.