Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Begli Ataýew bellenildi

23.03.2026, 13:1814,091

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektoryny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. TDH-niň habar bermegine görä, bu wezipä Begli Baýrammyradowiç Ataýew bellenildi.

Döwlet Baştutanynyň ýokary okuw mekdebiniň öňki ýolbaşçysy Batyr Mämmedowy hökümetde ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, ýaşlar we jemgyýetçilik ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeginden soň, bu wezipe boş galypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.