Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
29.09.2025 13:46
2.3k+
Maks Werstappen “Ferraride” Nordşlýaýfedäki GT3 ýaryşynda ýeňiji boldy
27-nji sentýabrda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýaryş ýolunda NLS çempionatynyň esasy ýaryşy geçirildi. Onda “Formula-1-iň” dört gezek çempiony, niderlandly Maks Werstappen ýeňiji boldy. Ol Ferrari 296 awtomobilinde 22 ýaşly britaniýaly Kristofer Lulhem bilen bilelikde çykyş etdi
29.09.2025 13:38
4.2k+
Kümşüň bahasy soňky 14 ýylda ilkinji gezek 47 dollardan geçdi
Kümşüň bahasy soňky 14 ýyl dört aýda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 47 dollardan geçdi. Duşenbe güni Comex biržasynda dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen kümüş üçin fýuçersler 1,62% gymmatlap, iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 47,41 dollara ýetdi
29.09.2025 13:32
1.6k+
Rosomaha, Bond we sport ulaglarynda wirtual ýaryş: Tokyo Game Show-daky esasy täzelikler
25-nji sentýabrda Ýaponiýada her ýyl geçirilýän "Tokyo Game Show" oýun sergisi badalga aldy. Bu iri çäräniň çäginde Sony we Microsoft öz tanyşdyrylyşlaryny geçirip, entek çykmadyk oýunlaryň treýlerlerini görkezdiler
29.09.2025 12:30
3.9k+
Ýaponiýada mör-möjekleri çekmek üçin "garynja aldawyny" ulanýan ösümlik tapyldy
Ýaponiýada duş gelýän Vincetoxicum nakaianum atly ösümlik tozanlanmak üçin adatdan daşary strategiýany ulanýar. Ol ýarym iýlen ýa-da ýaralanan garynjalaryň çykarýan ysyny gaýtalap, tohumly mör-möjekleri özüne çekýär
29.09.2025 12:19
7.9k+
Alymlar taryhy taýdan ygtybarly şekilleri döretjek emeli aňy işläp düzýärler
Sýurih uniwersitetiniň gadymy taryh professory Feliks K.Maýer bilen programmist Filipp Ştrebel bilelikde emeli aň esasynda işleýän täze surat generatoryny döredýärler. Ol gural Gadymy Rim we Gadymy Gresiýa döwründen taryhy taýdan hakykata ýakyn sahnalary şekillendirmäge ukyply bolar
29.09.2025 10:11
6.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary
29.09.2025 10:06
8.5k+
Arkadag şäherinde bejergi alýan we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy
Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy. Süýjülikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berildi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär
29.09.2025 09:58
3.2k+
Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Işewür Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi
29.09.2025 09:47
3.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28-nji sentýabrda Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi bilen duşuşdy
29.09.2025 09:38
10k+
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynyň jemleýji ýaryşynyň ýeňijisine 300 müň manat berildi
28-nji sentýabrda döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Alty çapyşygyň ýeňijileri 100 müň manat, jemleýji, ýedinji çapyşygyň ýeňijisi bolsa 300 müň manat möçberinde baýrak aldy diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
29.09.2025 09:16
4.8k+
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Aşgabat atçylyk
29.09.2025 08:58
3k+
ABŞ-nyň federal agentlikleri bary-ýogy 42 sente Ilon Maskyň Grok çat-botuna elýeterli bolar
Ilon Maskyň xAI startapy ABŞ-nyň Umumy gulluklar edarasy (GSA) bilen federal agentlikleriň Grok çat-botuny ulanmagy barada şertnama baglaşdy. GSA-nyň habaryna görä, şertnama 2027-nji ýylyň martyna çenli hereket eder
29.09.2025 08:56
2.4k+
NASA-da astronawtlyga dalaşgärleriň düzüminde ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy
NASA 2025-nji ýylda astronawt bolmaga dalaş edýän 10 adamyň adyny yglan etdi. Agentligiň taryhynda ilkinji gezek zenanlar erkeklerden köp boldy: alty zenan, dört erkek. Bäsleşige gatnaşmak üçin 8 müňden gowrak amerikaly arza tabşyrdy
29.09.2025 00:00
4.9k+
Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň täze treýleri çykdy
Resmi Avatar YouTube kanalynda Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň ikinji treýleri peýda boldy. Franşizanyň üçünji bölüminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär. Täze bölümde tomaşaçylar ilkinji gezek Kül obasyny – Mangkwan urugynyň öýüni görer
28.09.2025 23:56
4k+
Apple-iň iPhone üçin ChatGPT-ä meňzeýän Veritas atly gizlin programmasy bar
Apple Siri ses kömekçisiniň täzelenen görnüşini barlamak üçin täze Veritas programmasyny işläp düzýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň habar bermegine görä, bu programma häzirlikçe gizlin saklanýar we diňe kompaniýanyň öz içinde ulanylýar
28.09.2025 23:53
13k+
Dubaýda 76-njy gatda panoramaly howuzly dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açylar
2025-nji ýylyň noýabrynda Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy bolan Ciel Dubai Marina açylar. Boýy 377 metr bolan bina tutuşlygyna myhmanhana we geljegiň şäheriniň ýene bir nyşanyna öwrüler. 82 gatly myhmanhana Vignette от IHG kolleksiýasynyň bir bölegidir
28.09.2025 23:49
3.3k+
“Doga 4” 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan horror filmi boldy
“Doga 4: Soňky dessurlar” (Заклятие 4: Последний обряд) filmi 2025-nji ýylyň iň girdejili horrory boldy. MovieWeb portalynyň maglumatlaryna görä, ol üç uikendiň dowamynda prokatda 400 mln dollar ýygnady we öz kassa ýygymyny artdyrmagy dowam edýär
28.09.2025 23:46
4.2k+
Volkswagen Germaniýadaky zawodlarynda önümçiligi wagtlaýyn togtadýar
Ýewropanyň iň uly awtoöndürijileriniň biri bolan Volkswagen elektromobil önümçiliginiň möçberini azaldýar we Germaniýadaky iki zawodynyň işini wagtlaýyn togtadýar. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, Swikkaudaky zawod 6-njy oktýabrdan başlap bir hepdelik awtomobil önümçiligini bes eder
28.09.2025 23:35
3.4k+
Mansory-dan täze Lamborghini Urus Venatus ulagy dünýäde iň tiz krossower boldy
Lamborghini Urus Germaniýanyň Mansory atelýesi tarapyndan döredilen Venatus wersiýasyny aldy. Bu dünýäde iň kuwwatly we iň tiz krossower boldy, ol bary-ýogy 2,8 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, iň ýokary tizligi bolsa 332 km/sag ýetýär
28.09.2025 21:02
3.3k+
Mikroskopik dünýäniň hereketi: Nikon Small World in Motion 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Nikon-nyň «Kiçi dünýä hereketde» (Small World in Motion) halkara ylmy wideo bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri yglan etdi. Şu ýyl bäsleşik 15-nji gezek geçirildi. Bu ýylky bäsleşige 34 ýurtdan 325 wideo iberildi
28.09.2025 20:47
6.9k+
Täze audio ulgam arkaly maşynda öň we yz hatar oturgyçlarda dürli aýdymlary diňläp bolar
Hytaýyň Huawei tehnoägirdi geljekki Maextro S800 flagman sedany üçin üýtgeşik akustika ulgamyny hödürledi. Ol öň we yzky hatarlardaky ýolagçylara bir wagtyň özünde biri-birine päsgel bermezden dürli aýdym diňlemäge mümkinçilik berýär
28.09.2025 20:17
2.8k+
Warner Bros. kinostudiýasy 2025-nji ýylda 4 milliard dollar girdeji gazandy
Warner Bros. şu ýyl dünýädäki kassa ýygymynda girdejisi 4 milliard dollardan geçen ilkinji Golliwud studiýasy boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Bu kompaniýanyň 2019-njy ýyldan bäri ilkinji şeýle netijesidir
28.09.2025 20:05
18k+
Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryny sylaglamak hakynda karara gol çekdi
Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
28.09.2025 18:09
10k+
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberinde geçirilen dabaralara gatnaşdy
27-nji sentýabrda Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy
28.09.2025 17:43
5.6k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. R.Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen geldi
28.09.2025 17:30
4.4k+
Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bellenilýän gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda Mejlisiň
28.09.2025 10:55
16k+
Tramp dermanlara, mebel önümlerine we ýük ulaglaryna täze paçlaryň girizilýändigini yglan etdi
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda käbir harytlaryň importy üçin täze ýokary paçlar güýje girýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Donald Tramp Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi
28.09.2025 10:53
7.1k+
FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üç tumaryny görkezdi
FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň üç resmi tumaryny hödürledi. Ýaryşyň nyşanlary ak kelleli bürgüt Klatç, los Meýpl we ýaguar Zaýu boldy. Olar çempionaty kabul etjek üç ýurdy – ABŞ-ny, Kanadany we Meksikany görkezýär
28.09.2025 10:51
2.9k+
PlayStation 5 Sony-nyň taryhynda iň köp girdeji getiren pristawka boldy
Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň kompaniýanyň taryhynda maliýe taýdan iň üstünlikli oýun pristawkasy bolandygyny habar berdi. Umumy satuw möçberi 136 mlrd ABŞ dollaryna barabar bolup, bu PS4 ýaly öňki modelleriň görkezijilerinden ep-esli ýokarydyr
28.09.2025 10:49
9k+
Ysraýylda Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we şaý-seplerden ybarat hazyna tapyldy
Ysraýylyň demirgazygynda, Kineret kölüniň golaýyndaky Susita milli seýilgähinde arheologlar Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we onlarça şaý-sep böleklerinden ybarat hazynany tapdy. Bu barada Ynet portaly habar berýär
28.09.2025 10:45
2.5k+
Deni Wilnýow 2026-njy ýylda täze “Jeýms Bondy” gözläp başlar
Kanadaly režissýor Deni Wilnýow indiki ýyl çykjak “Dýunanyň” üçünji bölüminiň üstündäki işleri tamamlandan soň, Jeýms Bonduň keşbi üçin täze aktýor gözläp başlar. Deadline-yň maglumatlaryna görä, döredijiler täze hekaýatda içalynyň keşbi üçin “täze ýüz” gözleýär
27.09.2025 20:52
14k+
Si Szinpin, Donald Tramp we beýleki dünýä Liderleri Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar
Dünýä döwletleriniň liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny iberdiler diýip, TDH habar berýär. Hytaý Halk Respublikasynyň
27.09.2025 20:39
8.6k+
Türkmenistanly hünärmenler Italiýada energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler
22–24-nji sentýabr aralygynda türkmenistanly hünärmenler Italiýada bolup, tehnologik energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler. Sapar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyň wekilleri Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki gözleg merkeziniň hem-de Milan Politehniki uniwersitetiniň alymlary bilen duşuşyklary geçirdiler
27.09.2025 20:06
6.7k+
Toyota Corolla Cross 2026 täze dizaýn we täze reňkler bilen satuwa çykdy
Toyota täzelenen Corolla Cross 2026 krossoweriniň satuwyna başlady. Model ykjamlygy, häzirki zaman dizaýny we giň tehnologiýalar toplumyny özünde jemleýär. Ulagyň önümçiligi ABŞ-nyň Alabama ştatyndaky Hantswil zawodynda ýola goýuldy, ilkinji awtoulaglar eýýäm Amerikanyň dilerlerine gelip başlady
27.09.2025 19:40
2.7k+
NASA 2026-njy ýylda Aýyň daşyndan adamly uçuşy meýilleşdirýär
NASA 2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda «Artemida» maksatnamasynyň çäginde ekipažly Aý uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Eger bu senä çenli ýetişilmese, iň soňky sene hökmünde aprel aýy görkezilýär diýip, Reuters habar berýär
27.09.2025 19:28
10k+
Argentinada öň belli bolmadyk ýyrtyjy megaraptoryň we onuň pidasynyň galyndylary tapyldy
Argentinanyň günortasynda paleontologlar güýçli öňki elleri we uzyn dyrnaklary bolan öň näbelli ýyrtyjy dinozawryň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu tapyndy megaraptor nesliniň Günorta Amerikada uzak wagtlap ýaşandygyny tassyklaýar diýip, Nature Communications žurnalynda bellenýär
27.09.2025 19:12
10k+
Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler
Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy
27.09.2025 18:32
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işine ýokary baha berdi
26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi
27.09.2025 18:27
7.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi
27.09.2025 18:23
8.3k+
Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen täze taslamalary maslahatlaşdy
26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi
«
1
…
189
190
191
…
1118
»
«
1
…
186
187
188
189
190
191
192
193
194
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.