Tramp dermanlara, mebel önümlerine we ýük ulaglaryna täze paçlaryň girizilýändigini yglan etdi

28.09.2025, 05:5516,164

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda käbir harytlaryň importy üçin täze ýokary paçlar güýje girýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Donald Tramp Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi.

Onuň aýtmagyna görä, täze paçlar amerikan öndürijilerini “daşary gatyşyklaryň täsirinden” goramaga gönükdirilendir.
Şeýlelikde, indiki aýyň başyndan aşakdaky gümrük paçlary girizilýär:

  • 25% – agyr ýük ulaglarynyň importyna (Trampyň pikiriçe, bu Peterbilt, Kenworth, Freightliner we Mack Trucks ýaly amerikan öndürijilerini goldamaga mümkinçilik berer).
  • 50% – aşhana şkaflaryna we wanna otagy üçin mebellere.
  • 30% – ýumşak mebellere.
  • 100% – derman serişdeleri üçin, eger öndüriji ABŞ-da zawod gurmasa. Ýöne ýurduň çäginde önümçilik desgalaryny döretmek boýunça taslamalary eýýäm durmuşa geçirýän kompaniýalar üçin kadadan çykmalar göz öňünde tutuldy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.