Sony PlayStation oýunlaryny işlemek üçin iňlisleriň «Firesprite» studiýasyny satyn aldy

12.09.2021, 10:114,312

Sony “Formula 1” we “WipEout” ýaly köp bölümli wideooýunlary, şeýle hem “The Persistence” wideooýnuny döredijileriň zähmet çekýän “Firesprite” studiýasyny satyn alandygyny mälim etdi. Bu barada igromania.ru habar berdi.

“Firesprite” studiýasy Angliýanyň Liwerpul şäherinde ýerleşýär. Onuň oýun döredijileri soňky ýyllarda “Playroom” (PS4) we “Playroom VR” (PSVR) wideooýunlaryny döretmäge işjeň gatnaşypdylar.

“Firesprite” mundan ozal hem Sony-niň düzüminde bolup görüpdi, ýöne şol wagtlar ol başga bir at bilen - Studio Liverpool diýlip tanalýardy. Soňra bolsa ol ýapyldy. Indi “PlayStation Studios”-yň ýolbaşçysy Hermen Hýulst “Firesprite”-iň köp sanly ýörite oýunlary ösdürmegiň üstünde işlejekdigini aýtdy. 

Oýun döredijileriň özleri studiýanyň “PlayStation” bilen birleşmegine juda begenýärler we önjeýli hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar diýip, çeşme belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.