Studiýalar ogurlanan her aýdym üçin Anthropic-den $150 müň talap edýär

02.09.2026, 11:402,184

Aýdym saz çykarýan iri kompaniýalaryň 30-dan gowragy Claude emeli aň modellerini döreden Anthropic startapynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat etdi. Olar kompaniýany emeli aňa öwretmek üçin awtorlyk hukugy bilen goralýan saz eserlerini bikanun ulanmakda aýyplaýar.

Şikaýat arzasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň etrap kazyýetine berildi.

​Talap edijileriň arasynda Sony Music Publishing we Warner Chappell Music ýaly kompaniýalar bar. Olaryň tassyklamagyna görä, Anthropic awtorlyk hukugy bilen goralýan eserleri uly möçberde bikanun ýüklemek, maglumatlary ýygnamak we serwere ýükläp almak işlerini gurapdyr.

Berlen şikaýatda Bon Jowiniň «Livin' On a Prayer», Earth, Wind & Fire toparynyň «September» ýaly meşhur hitleriniň hem-de Teýlor Swiftiň aýdymlarynyň ady agzalýar.

​«Aýyplanýanlaryň Claude emeli aň modellerini öwretmek üçin bikanun ulanan awtorlyk hukugy bilen goralýan hetdi-hasaby bolmadyk eserleriniň arasynda saz neşirlerine degişli müňlerçe saz kompozisiýalary, şol sanda «Ain’t No Mountain High Enough», «All I Want for Christmas is You» ýaly aýdymlar bar. Awtorlyk hukugy hakyndaky kanuny gödek bozmak bilen, olar saz neşirleriniň köp sanly saz kompozisiýalaryna bikanun el urup, olary yzygiderli göçürdiler. Şol sanda bu eserleri Anthropic kompaniýasynyň Claude EA modellerini öwretmek üçin binýatlyk maglumat hökmünde hem-de ol modelleriň döredýän taýýar netijeleri hökmünde ulandylar» diýlip, Sony Music Publishing we Warner Chappell Music kompaniýalarynyň arzasynda bellenilýär.

​Şikaýatçylar Anthropic kompaniýasyndan öz EA modellerine öwretmek üçin ulanandygy belli bolan her kompozisiýasy üçin 150 müň dollar tölemegi talap etdi.

​Anthropic kompaniýasy bu aýyplamalary ret edýär:

​«Biz neşirleriň öňe sürýän aýyplamalary bilen ylalaşmaýarys we kazyýetde öz pikirimizi tutanýerlilik bilen goramakçy».

Ýaňy-ýakynda Anthropic kitap neşirýatlary bilen bolan şuňa meňzeş dawada $1,5 milliard töläp, ylalaşyk gazanypdy, ýöne saz studiýalary munuň ýaly uly kompaniýa üçin beýle jerimäniň azdygyny aýdýarlar.