Tel-Awiw ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji boldy

03.12.2021, 15:589,069

Tel-Awiw iň gymmat durmuş derejeli şäherleriň reýtinginde bir ýylda bäş orun ýokary galyp, birinji ýeri eýeledi. Ikinji orunda Pariž ýerleşdi. Bu barada Economist  Intelligence Unit-iň geçiren barlagyna  salgylanyp, rus.err.ee habar berdi.

Meduza portalynyň habaryna görä, Tel-Awiw şäheri birinji orna Ysraýylyň pul birligi bolan şekeliň ABŞ-nyň dollaryna garşy çalt ösmegi we iýmitiň, alkogol içgileriniň hem-de ulaglaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň netijesinde ilkinji gezek çykdy.

Reýtingde ikinji ýeri mundan bir ýyl öň Gonkong we Sýurih bilen bir hatarda sanawyň başyny çeken Pariž eýeledi. Täze reýtingde Pariž ikinji ýeri Singapur bilen bilelikde eýeledi. Sýurih we Gonkong, degişlilikde, üçünji we dördünji orny eýeledi. Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň onlugyna Nýu-Ýork, Ženewa, Kopengagen, Los-Anželes we Osaka hem girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.