Daniýa COVID-19 bilen bagly ähli çäklendirmeleri aýyrýar

28.01.2022, 09:388,687

Daniýa patyşalygynda 1-nji fewraldan başlap, koronawirus sosial taýdan howply kesel hasaplanylmaz. Ýurduň häkimiýetleri COVID-19 bilen bagly çäklendirmeleriň ählisini ýatyrarlar. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Mette Frederiksen çarşenbe güni geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Häkimiýet Baştutanynyň aýtmagyna görä, Daniýa girilende test barlagy we karantin düzgünleri güýjünde galar. Bu çäklendirmeler ýene-de dört hepdeläp dowam eder.

"1-nji fewraldan başlap, Daniýa dolulygyna açyk bolar. Biz çäklendirmeler bilen hoşlaşýarys. Koronawirusa çenli ýaşan dünýämize hoş geldiňiz» — diýip, Frederiksen aýtdy.

Ýurduň häkimiýetleri bu karary ýörite epidemiologik toparyň maslahatlary esasynda kabul etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.