Daniýanyň ýaşaýjysy öz howlusyndan wikingler eýýamynyň iň uly hazynasyny tapdy

Şu gün, 07:073,142
1 / 8

Daniýanyň Rebill kommunasynyň ýaşaýjysy öz öýünde täze eýwanyň gurluşygyna başlan wagty wikingler eýýamyna degişli iň uly hazynany tapdy. Demirgazyk Ýutlandiýanyň taryhy muzeýiniň habar bermegine görä, erkek adam özüniň tanadylmagyny islemedi.

Raýatyň gürrüň bermegine görä, bagda işläp başlanyndan ýarym sagat soň, onuň pili nämedir bir zada degipdir. Ol muny köne haýadyň galyndysydyr ýa-da keramika döwükleridir öýdüp, pili bir gyra goýýar we eli bilen gazyp başlaýar. Netijede, ol topragyň astyndan birnäçe şaý-sepleri, teňňeleri we kümüş tokgalaryny çykarýar.

Tapylan hazyna umumy agramy 18,5 kilograma deň bolan 700-e golaý kümüş önüminden ybarat. Olaryň 320-ä golaýy keramiki gabyň içinde saklanyp galypdyr, beýlekileri bolsa daş-töwerege dargan şekilde tapyldy.

Muzeýiň habar bermegine görä, bu seýrek tapyndy X asyrda kümşüň nähili ulanylandygyny, şeýle-de Demirgazyk Ýutlandiýanyň şol döwürde Angliýa we yslam dünýäsi bilen berk medeni hem-de ykdysady gatnaşyklarynyň bolandygyny görkezýär. Muzeýiň medeni miras we arheologiýa bölüminiň başlygy Torben Sarau bu wakany wikingler döwrüniň seýfini tapmak bilen deňeşdirdi.

Tapyndynyň ýene bir aýratynlygy, hazynada teňňeleriň örän az bolup, esasy böleginiň kümüş tokgalaryndan we şaý-seplerden ybarat bolmagydyr. Gabyň içindäki kümüş tokgalaryň ýerleşdirilişi hazynanyň eýeleriniň olary agramy we gymmaty boýunça ýörite tertipläp goýandygyny çaklamaga esas berýär. Bu ýagdaý wikingleriň şol eýýamda kümşi töleg serişdesi hökmünde nähili peýdalanandyklary barada täze ylmy düşünjeleri almaga ýardam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.