Nurmagomedow: «Ngannu UFC-de galmaly»

20.02.2022, 07:5516,902

Ýeňil agramda UFC-niň russiýaly eks-çempiony Habib Nurmagomedow Frensis Ngannu we onuň şertnama gepleşikleri babatynda dowam edýän dawasy bilen bagly öz pikirini aýtdy. 

“Boksda Fýuri bilen Ngannunyň arasyndaky bolup biljek söweş? Eger olar UFC-de söweşseler, hawa, Fýuriniň kän bir mümkinçiligi ýok. Ýöne boksda men hatda onuň ýüzüne el degirjek adamy göremok, belki Aleksandr Usik bolup biler.

Ngannu? Men ol UFC-de galmaly diýip pikir edýärin, ýöne eger ol boksa geçip, 50 mln dollar ýa-da 60 mln dollar gazansa – onda ol muny etmeli? Näme üçin etmeli däl?” – diýip, BJ Penn saýty Sky Sports-a salgylanyp, Nurmagomedowyň sözlerini getirýär.

Ngannu UFC 270 turnirinde Siril Gany ýeňip, liganyň çempiony titulyny gorady. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.