Täzeden sahnalaşdyrylan "Magtymguly" operasy görkezildi

27.06.2022, 13:004,896

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününde, 25-nji iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda täzeden sahnalaşdyrylan “Magtymguly” operasynyň görkezilişi boldy. 

“Magtymguly” operasy türkmen halkynyň watansöýüjiliginiň, erkinlige, garaşsyzlyga we döwlet ösüşine bolan gyzyklanmalarynyň, täze taryhy eýýamda amala aşan arzuwynyň senasydyr. Ynsanperwer ýörelgeleri, Watana bolan söýgini özünde jemleýän opera eseri türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ahlak gymmatlyklarynyň ähmiýetini giňden açyp görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.