Bütindünýä banky 2022-nji ýylda Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň ösüşini çaklady

28.09.2022, 15:326,824

Bütindünýä bankynyň täze çap edilen çaklamasyndan görnüşi ýaly, Gündogar Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň jemi içerki önümi 2021-nji ýylda 7,2% artandan soň, 2022-nji ýylda 3,2% bolar.

"Sebit 2021-nji ýyldaky 7,2%-i bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda tutuşlygyna, garaşylyşy ýaly, 3,2%-e çenli haýallar (ösüşi)" - diýip, resminamanada görkezilýär.

Ösüşiň depgininiň haýallamagy esli derejede hytaý ykdysadyýetiniň depgininiň, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda has peselendigi bilen baglanyşyklydyr diýip, bellenýär.

"Gündogar Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti, Hytaýy hasaba almaňda, garaşylyşy ýaly, 2021-nji ýyldaky 2,6% bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda 5,3%-e çykar " diýip, Bütindünýä bankynda görkezdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.