Bütindünýä banky Wenesueladaky ýertitremeleriň zyýanyny tas $20 mlrd diýip bahalandyrdy

29.07.2026, 11:158,519
1 / 6

Bütindünýä banky 24-nji iýunda Wenesuelada bolup geçen iki sany ýertitremäniň ykdysady zyýanyny 19,6 milliard dollar diýip bahalandyrdy. Degişli baha tebigy heläkçilikden bir aý geçenden soň neşir edildi.

Wenesuelanyň häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, 7,2 we 7,5 bal ululykdaky ýertitremeler Karakasede we La-Gwaýra ştatynda ýüzlerçe binanyň ýumrulmagyna getirdi. Heläkçiligiň netijesinde 5398 adam heläk boldy.

Bütindünýä bankynyň baha bermegine görä, umumy zyýanyň 47%-i ýaşaýyş jaýlaryna, 27%-i infrastruktura, ýene 26%-i bolsa ýaşaýyş däl obýektlere, esasan hem, täjirçilik we senagat binalaryna degişli boldy.

«Bu baha berme Wenesuelanyň hökümetine we onuň hyzmatdaşlaryna dikeltmek işlerini taýýarlamak üçin obýektiw binýat berýär» – diýip, Bütindünýä bankynyň Latyn Amerikasy we Karib basseýni boýunça wise-prezidenti Susana Kordeýro Gerra belledi.

Bütindünýä bankynda dikeldiş möhletiniň halkara goldawynyň göwrümine bagly boljakdygy bellenildi. Ýogsam, infrastrukturany dikeltmek azyndan on ýyl wagt alyp biler. Halkara pul gaznasy Wenesuela 346 million dollar bölüp bermegi tassyklady.

Wagtlaýyn prezident Delsi Rodriges şu ýyl ejir çekenlere 4 müň öý, 2027-nji ýylda bolsa ýene 10 müň öý bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. BMG-niň baha bermegine görä, dereksiz ýitenleriň sany 50 müň adama ýetip biler, 20 müňe golaý ýaşaýjy bolsa wagtlaýyn düşelgelerde galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.