Habib USADA tarapyndan doping üçin näçe gezek barlanandygyny aýtdy

02.05.2023, 05:5331,406

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda öňki çempiony russiýaly Habib Nurmagomedow sosial ulgamlardaky sahypasynda ABŞ-nyň Dopinge garşy agentligi (USADA) tarapyndan arassa doping barlagy üçin berlen baýrak bilen suratyny ýerleşdirdi.

“Meni bäş ýylda doping üçin 49 gezek barladylar. Hemişe arassalygy gowy görerdim” – diýip, Habib belledi.

Nurmagomedow MMA-da 29 gezek söweşip, olaryň her birinde ýeňiş gazandy. Soňky gezek ol 2020-nji ýylyň güýzünde amerikaly Jastin Getjiden üstün çykdy.
Söweşden soň ol professional karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Soňra Nurmagomedow Eagle FC promouşenini esaslandyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.