Habib Nurmagomedow Masky Sukerberg bilen boljak söweşe türgenleşdirmekden ýüz öwürdi

05.08.2023, 06:5549,967

MMA-nyň russiýaly öňki söweşijisi Habib Nurmagomedow amerikaly telekeçi Ilon Masky Meta korporasiýasynyň başlygy Mark Sukerberg bilen boljak söweşe taýýarlamak üçin tälimçisi bolmakdan ýüz öwürdi diýip,  öz çeşmelerine salgylanýan TASS ýazýar .

“Ilon Mask Mark Sukerberg bilen boljak söweşe türgenleşmekde Habib Nurmagomedowyň özüne tälim bermegini isledi. Ýöne Habib bu teklipden ýüz öwürdi, munuň sebäbi belli däl "- diýip, ýagdaýdan habardar söhbetdeş agentlige habar berdi.

Şeýle hem, Ilon Masky söweşe taýýarlamaga Habib Nurmagomedowy çekmek pikirini UFC Eurasia-nyň baş direktory Andreý Gromkowskiniň teklip edendigi  takyklanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.