Mask adamzat beýleki planetalara göçüp barmalydy diýip hasaplaýar

20.12.2023, 15:0116,992

Telekeçi Ilon Mask adamzada kosmosy öwrenmek we beýleki planetalara göçüp barmak gerek diýip hasaplaýar.

"Adamzadyň Aýda bazasy, Marsda şäherleri bolmaly we ýyldyzlaryň arasynda gezmeli!" – diýip, ol X (öňki Twitter) sosial ulgamda ýazdy.

Mask: “Ilkinji uçuşdan [Doganlar Raýtyň uçar oýlap tapmagyndan] başlap Aýyň üstüne gonulýança bary-ýogy 66 ýyl, soňky gezek Aýa gonulmagyndan bäri bolsa ýarym asyr geçendigini” aýtdy. Telekeçi munuň "siwilizasiýa hökmünde iň ýokary üstünligimiz" bolup bilmejekdigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.