Gazagystan 2028-nji ýylyň hokkeý boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin arza berdi

12.02.2024, 05:513,909

Gazagystan 2028-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň elita tapgyryny kabul etmegi meýilleşdirýär. Şu maksat esasynda ol degişli arza bilen ýüz tutdy. Bu barada Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) guramanyň resmi saýtynda ýerleşdiren resminamasyndan belli boldy diýip, championat.com habar berýär.

Öz arzasynda Gazagystan iki şäheri – Astana bilen Almatyny görkezdi.
Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň dünýä çempionatyny Çehiýa kabul eder. Duşuşyklar Praga we Ostrawa şäherlerinde geçiriler.
2019-njy ýylda Gazagystan Estoniýa bilen bilelikde dünýä çempionatynyň birinji diwizion tapgyryny kabul etdi, şondan soň olar elita diwizionyna geçmegi başardylar.
2025-nji ýylda ýaryşy iki ýurt – Şwesiýa (Stokgolm) we Daniýa (Herning) kabul eder. 2026-njy ýylda ýaryş Şweýsariýada (Sýurih we Fribur), 2027-nji ýylda Germaniýada (Dýusseldorf we Mangeým) geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.