Halkara hokkeý federasiýasy 2027-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň açylyş oýnunyň Germaniýanyň Gelzenkirhen şäherindäki «Feltins-Arena» futbol stadionynda geçiriljekdigini habar berdi.
2027-nji ýylyň 13-nji maýynda bu arenada Germaniýanyň we Şweýsariýanyň milli ýygyndylary garşylaşarlar. Bu duşuşyk ýaryşyň resmi taýdan başlanmagyndan bir gün öň guralar.
«Feltins-Arena» Germaniýanyň meşhur «Şalke 04» futbol klubunyň öý stadiony bolup, oňa jemi 61 574 tomaşaçy ýerleşip bilýär. Bu ýerde soňky 17 ýylyň içinde ilkinji gezek hokkeý oýny geçiriler.
Dünýä çempionatynyň esasy bölegi bolsa Dýusseldorf we Mangeým şäherlerinde guralar. Ýaryşyň resmi açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň 14-nji maýyna meýilleşdirildi.