Teýlor Swift 2023-nji ýylyň iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy

23.02.2024, 12:424,845

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Halkara ses ýazgysy federasiýasynyň (IFPI) 2023-nji ýyl üçin hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Anti-Hero, Cruel Summer, Lover aýdymlarynyň awtory şeýle görkezijä dördünji gezek ýetdi (2014, 2019, 2022, 2023). IFPI-niň düzgünlerine laýyklykda, her bir ýerine ýetiriji üçin ahyrky bal hasaplanylanda onuň kompozisiýalarynyň striming platformalarynda we fiziki göterijilerde satuw görkezijileri, şeýle-de ýükläp almalaryň sany göz öňünde tutulýar.

Ikinji we üçünji orunlarda Günorta Koreýanyň iki topary ýerleşdi: SEVENTEEN we Stray Kids. Günorta Koreýadan K-pop žanrynyň ýene iki wekili TOMORROW X TOGETHER we NewJeans, degişlilikde, ýedinji we sekizinji orunlary eýeledi. Şeýle-de, ýerine ýetirijileriň ilkinji bäşligine kanadaly repçi Dreýk (4) we The Weeknd hökmünde tanalýan kanadaly Eýbel Makkonen Tesfaýe girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.