90-njy ýyllaryň Nokia 3210 döwrebap funksiýalar bilen gaýdyp gelýär

30.04.2024, 08:1915,663

HMD Global Nokia 3210-yň gaýtadan dikeldilendigini habar berýär. Ilkinji çykanyndan 25 ýyl soň, 3210 täzelenen wersiýada gaýdyp gelýär. Telefon öňki tanalýan dizaýnyny saklap galar, ýöne häzirki zaman funksiýalaryna eýe bolýar diýip, IXBT ýazýar.

Maý aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýan täze telefon gök reňkde bolar. Ýaýran suratda asyl nusgasynda ýok bolan kamera, şeýle hem Nokia we HMD nyşanlary görünýär.
Mahabat afişasyna görä, Nokia 3210 (2024)-iň batareýasy awtonom ýagdaýda uzak işlär, Bluetooth-y we 4G birikmesi bolar. Beýleki jikme-jiklikler häzirlikçe gizlin saklanýar.
HMD Global geçen hepde HMD Pulse smartfonyny hem hödürledi. Şu ýylyň başynda Nokia 220 2024 4G aýratynlykly düwmeli telefon 40 dollar bahadan çykypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.