Microsoft korporasiýasy iň çalt we intellektual Windows PK – Copilot+PC-ny hödürledi

22.05.2024, 07:422,606
1 / 2

Microsoft korporasiýasy emeli aňa gönükdirilen Windows-ly personal kompýuterleriniň täze kategoriýasyny hödürledi. Copilot+PC adyny alan täze gurluşlar häzire çenli döredilen iň çalt we intellektual Windows PK hökmünde häsiýetlendirilýär.

Copilot+PC emeli aň ýumuşlarynda 40 TOPS-a çenli öndürijiligi bolan kuwwatly prosessorlar bilen enjamlaşdyryldy, bu bolsa emeli aň bilen işleşmek üçin ýokary tizligi we mümkinçilikleri üpjün edýär.
Ýokary öndürijilikden başga-da, Copilot+PC emeli aňyň esasynda bilelikde şekil döretmek we redaktirlemek ýaly birnäçe funksiýalary, şeýle-de Adobe, DaVinci Resolve ýaly üçünji tarap programma üpjünçiliklerinde emeli aň funksiýalaryny hödürleýär. Ýöne häzirlikçe munuň nähili işleýändigi belli däl.
Ýene bir funksiýa – Recall ulanyjynyň PK bilen gatnaşygynyň esasynda gözlegiň düýbünden täze ýörelgesini hödürleýär. Bu barada biz aýratyn materialda giňişleýin gürrüň bereris.
Dürli öndürijilerden ilkinji Copilot+PC başlangyç 1000 dollar baha bilen 18-nji iýunda satuwa çykar.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.