Habib Dastin Porýeniň gaznasyna $30 müň bagyş etdi

02.08.2024, 06:2017,158
1 / 2

UFC-niň Şöhrat zalynyň agzasy Habib Nurmagomedow öňki garşydaşy we ýeňil agramda UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony amerikaly Dastin Porýeniň haýyr-sahawat gaznasyna $30 müň bagyş etdi. Nurmagomedow onuň 70 kg çenli agram derejede UFC-niň titulynyň häzirki eýesi Islam Mahaçew bilen söweşindäki eşik toplumyny satyn aldy.

“Habib 30 müň dollara eşik toplumyny satyn aldy” – diýip, MMAJunkie neşiri Porýeniň sözlerini getirýär.

Amerikaly söweşijiniň aýtmagyna görä, Habib onuň bilen öz menejeri Ali Abdel-Aziziň üsti bilen habarlaşdy, şondan soň Porýeniň bu eşik toplumy üçin doly mukdary töledi. Nurmagomedowyň tölän pullary pes girdejili maşgalalardan çagalar üçin okuw esbaplaryny satyn almaga sarp ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.