7 altyn, 5 bürünç: Türkmen kikboksingçileri Dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar

30.09.2024, 19:4213,211
1 / 4

Türkmen türgenleri Kinboksing boýunça Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 12 medal gazanmagy başardylar we bu görkeziji babatda ilkinji onluga girdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär.

24-29-njy sentýabrda Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilen dünýä birinjiligine 40 döwletden jemi 2 müň 500-den gowrak türgen gatnaşdy.
Ýaryşda Türkmenistana Kikboksing boýunça milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Orazmuhammet Kömekowyň ýolbaşçylygynda 15 türgen wekilçilik etdi.

Altyn medal gazanan türgenlerimiz:

  • Orazmuhammedow Muhammetaly, 2015-nji ýylda doglan, 30 kg agram derejede.
  • Rustamow Rasul, 2009-njy ýylda doglan, 42 kg agram derejede.
  • Akmyradow Akmyrat, 2006-njy ýylda doglan, 67 kg agram derejede.
  • Baltaýew Salamathan, 2007-nji ýylda doglan, 86 kg agram derejede.
  • Woýewodin Kirill, 2007-nji ýylda doglan, 54 kg agram derejede.   
  • Joraýew Nurmuhammet, 2010-njy ýylda doglan, 52 kg agram derejede.
  • Bekenow Serdar, 2007-nji ýylda doglan, 51 kg agram derejede.

Bürünç medal gazanan türgenlerimiz:

  • Mahmudow Guwanç, 2008-nji ýylda doglan, 51 kg agram derejede.
  • Babaýew Guwanç, 2008-nji ýylda doglan, 48 kg agram derejede.
  • Maýew Yhlas, 2008-nji ýylda doglan, 63,5 kg agram derejesinde.
  • Geldimammedow Reşit, 2008-nji ýylda doglan, 60 kg agram derejesinde.
  • Atabaýew Hangeldi, 2010-njy ýylda doglan, 47 kg agram derejesinde.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.