Kriptowalýutanyň ulanylyşy rekord derejä ýetýär

19.10.2024, 17:196,148

Kriptowalýutalaryň işjeňligi we ulanylyşy rekord derejesine ýetdi. Bu barada a16z maýa goýum kompaniýasynyň täze barlagyna  salgylanýan  Unchainedcrypto ýazýar.

Barlag kriptowalýuta pudagynyň iki ýylda nähili üýtgändigini görkezýär. Infrastrukturanyň gowulaşmagy we ulanyjylaryň işjeňliginiň artmagy bilen bu aktiwleriň synpy ABŞ-nyň saýlawlaryndan öň esasy syýasy meselä öwrüldi.
Hasabatda: "Sentýabr aýynda 220 million salgy azyndan bir gezek blokçeýn bilen aragatnaşyk saklady, bu bolsa 2023-nji ýylyň ahyryna garanyňda üç esse köpdür" diýilýär.
Kompaniýanyň hünärmenleri işjeňligiň ýokarlanmagynyň esasan Solana blokçeýni  bilen baglanyşyklydygyny - sentýabr aýynda onda 100 milliondan gowrak işjeň salgynyň bolandygyny anykladylar.
Degişlilikde 31 million we 22 million işjeň salgysy bolan NEAR we BASE ýaly blokçeýnler kriptowalýuta ulanyjylarynyň arasynda meşhurdygyny subut etdi. Şonuň bilen bir wagtda Tron we Bitcoin ýaly birinji derejeli köne blokçeýnleriň  degişlilikde 14 million we 11 million işjeň salgysy bar, Ethereum-iň bolsa 6 million işjeň salgysy bar.

“Işläp düzüjileriň gyzyklanmasynda iň uly üýtgeşmäni gören – Solana blokçeýni. Hususan-da, eýýäm Solana bilen işleýändiklerini ýa-da muňa gyzyklanma bildirýändiklerini aýdýan esaslandyryjylaryň paýy geçen ýyl 5,1% bolanlygyndan  şu ýyl 11,2% -e çenli ýokarlandy "- diýip, 16z-iň seljerijileri belleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.