Xiaomi-niň we Redmi-niň täze smartfonlary Samsung-dan öňürdip, Android 15-de HyperOS 2 alýar

29.11.2024, 19:457,088

Android 15-e esaslanýan HyperOS 2 Xiaomi 14-iň global wersiýasyny ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Programma üpjünçiligi OS2.0.4.0.VNCMIXM belgisini we 6,3 GB göwrümi aldy. PhoneArena-nyň habar bermegine görä, oňa köp sanly gowulaşmalar girýär.

Xiaomi Samsung-dan ep-esli öňürdip, iň täze programma üpjünçiligini ýaýradýar. Şeýle-de bolsa, käbir sebitlerdäki ulanyjylar kompaniýanyň täzeleniş serwerleriniň çäklendirmeleri sebäpli garaşmaly bolarlar.
Ýakyn geljekde ýene on sany global model HyperOS 2-ni alar:

  • Xiaomi 14 Ultra;
  • Xiaomi 14T Pro;
  • Xiaomi 14T;
  • Xiaomi 13T Pro;
  • Xiaomi 13T;
  • Redmi Note 13 / Redmi Note 13 NFC;
  • Redmi Note 12 / Redmi Note 12 NFC;
  • Redmi 12.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.