Samsung täze smartfonlarynyň gutusynda gapdaly bilen salynýan esbaplarynyň sanyny kem-kemden azaldýar. Bu gezek üýtgeşme kompaniýanyň iň arzan smartfonlarynda ýüze çykdy.
Samsung ýakynda 110–150 dollar aralygynda satylýan Galaxy A07s we A08 modellerini hödürledi. Täze önümler barada ilkinji synlaryny taýýarlan tehnoblogerler gutyny açanlarynda bir ýakymsyz zada üns berdiler: onda indi kagyz resminamalaryndan we SIM-kartany çykarmak üçin niýetlenen ýörite gysgyçdan başga hiç zat ýok.
Öndürijiniň resmi web sahypasyndaky tehniki maglumatlar hem muny tassyklaýar: USB-C zarýad kabeli indi hakykatdan-da enjamyň toplumyna girmeýär. Smartfony satyn alan müşderi ony aýratyn satyn almaly ýa-da elindäki kabelden peýdalanmaly bolar.
Samsung-yň wekilleri has gymmat enjamlaryň gutusyndan hem kabelleri aýyrmagy meýilleşdirýändikleri barada häzirlikçe anyk maglumat berenok. Ýöne kabeliň bahasynyň enjamyň umumy bahasynyň ujypsyz bölegini düzýändigi göz öňünde tutsaň, bu ädimiň esasy maksady önümçilik we logistika çykdajylaryny azaltmakda jemlenýän bolmagy ahmal.
Gyzykly ýeri, Galaxy A07s daşky görnüşi we esasy aýratynlyklary boýunça kabel bilen bile satylýan adaty Galaxy A07 modelinden tas hiç hili tapawutlanmaýar. Täze görnüşiň esasy tapawudy has çalt operatiw ýady goldaýan, çala täzelenen Helio G99 Plus çipsetidir.