«Bäsdeşimiz ýok...»: Meta bir ýylda 1 milliondan gowrak akylly äýneklerini satdy

02.02.2025, 16:235,029

Meta kompaniýasynyň baş müdiri Mark Sukerberg ilkinji gezek "Ray-Ban Meta" akylly äýnekleriniň satuwy baradaky maglumatlary aýan etdi. Çärýek ýygnagynda ol, 2024-nji ýylda kompaniýanyň 1 milliondan gowrak enjam satandygyny aýtdy diýip, The Verge habar berýär.

Sukerberg bu bazar pudagynyň geljekde-de ösjekdigine ynam bildirdi.

«Aslynda bu kategoriýany biz döretdik we häzirlikçe bäsdeşlerimiz peýda bolanok» diýip, ol belledi we kompaniýanyň bu mümkinçiligi ulanmalydygyny hem-de «Meta AI äýneklerini mümkin boldugyça köp adama ýetirmelidigini» aýtdy.

Kompaniýa önümleriniň görnüşini giňeltmegi meýilleşdirýär. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hypernova diýlip atlandyrylýan ekranly täze modeliň satuwa çykmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Meta Oakley bilen bilelikde akylly äýnekleriň ýene bir görnüşini taýýarlaýar.

«Meniň pikirimçe, biziň üçin esasy soraglardan biri şu: şu ýyl 1 milliondan 2 milliona ýetip bilerismi? Ýa-da 1 milliondan 5 milliona ýeterismi?» diýip, Sukerberg sorag berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu gaty hakykata ýakyn maksat, sebäbi Meta öz akylly äýneklerini yzygiderli kämilleşdirýär.

2023-nji ýylda Ray-Ban Meta satuwa çykaly bäri, olar täze aýratynlyklar bilen baýlaşdy. Indi bu äýnekler ulanyjynyň görýän, eşidýän we okaýan zatlaryny gaýtadan işlemek üçin multimodal emeli aňy, şeýle-de dowam edip duran wagtda işleýän emeli aňy we sinhron terjime funksiýasyny öz içine alýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.