«Bawariýa» möhletinden ir 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

20.04.2026, 05:033,973

Mýunheniň «Bawariýasy» Germaniýanyň çempionatynyň 30-njy tapgyrynyň duşuşygynda «Ştutgardy» utup, möhletinden ir ýaryşyň ýeňijisi boldy. Duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy.

«Bawariýa» 79 utuk toplap, çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda Dortmundyň «Borussiýasy» (64) üçin elýetmez boldy.

Mýunhen kluby yzygiderli ikinji möwsüm we öz taryhynda 35-nji gezek (rekord) çempion boldy.

«Bu biziň üçin ajaýyp möwsüm boldy. Çempionaty şeýle usulda, köp sanly gol bilen tamamlamak — örän ýakymly» – diýip, 32 gol bilen liganyň iň gowy bombardirleriniň sanawynyň başyny çekýän «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn belledi.

Şu möwsümde «Bawariýa» bir möwsümiň dowamynda geçirilen gollaryň sany boýunça liganyň rekordyny (101) täzeledi. Ol eýýäm 109 gol geçirmegi başardy.

Şeýle-de, şu möwsümde «Bawariýa» klubuna Germaniýanyň kubogynda (ýarym finalda «Baýer» bilen duşuşar) we Çempionlar ligasynda (ýarym finalda «Pari Sen-Žermen» bilen) oýunlar garaşýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.