30-njy iýulda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan Türkmen-Hytaý dialogy geçirildi. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 15-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine we onda kabul edilen wajyp çözgütlere bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy we China-Turkmenistan Business Council Ltd. guramasy tarapyndan bilelikde guralan çäre diplomatlaryň, talyp ýaşlaryň, Hytaýyň görnükli syýasatşynaslarynyň, professorlarynyň hem-de abraýly jemgyýetçilik we ylym-bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmenistanyň ilçisi ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mejlisi guramaçylykly geçirmek boýunça beren tabşyryklary we bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň sosial abadançylygy, ykdysady ösüşi we türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada aýtdy.
Dialogyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda we Hytaýyň hem awtordaşlygynda «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi aýratyn bellenildi.
Soňra Lançžou we Çinghaý Milletler uniwersitetleriniň, Gansu welaýatynyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň hem-de dürli edara-guramalaryň wekilleri çykyş edip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler we öňde duran maksatlar barada gürrüň etdi.