Braziliýaly syýahatçy 2 ýylda dünýäniň ähli ýurtlaryna (şol sanda Türkmenistana) aýlanyp, rekord goýdy

07.08.2026, 17:0213,462
1 / 2

Braziliýaly Robson Žezus BMG tarapyndan ykrar edilen 193 döwletiň ählisine iň çalt baryp gören adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «Metropoles» neşiri habar berýär.

Robson öz syýahatyna 2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Tailanddan başlady we ony 2024-nji ýylyň aprelinde Braziliýanyň San-Paulu şäherinde tamamlady.

BMG tarapyndan ykrar edilen ähli ýurtlarda bolmak üçin Robson Žezusa 2 ýyl we 42 gün gerek boldy. Ol her ýurda ortaça 3 gün sarp etdi.

Braziliýaly syýahatçy dünýäniň ähli ýurtlaryna baryp görmegiň çagalyk arzuwy bolandygyny aýdýar. Ony hasyl etmäge bolsa 2020-nji ýyldaky pandemiýa itergi berdi.

Dünýä ýüzüne syýahat etmek üçin Robson jemlän pulundan 19,5 müň dollary harç etmeli boldy. Çykdajylaryň bir bölegini ol öz syýahatlaryna bagyşlanan blogy ýöretmekden, şeýle-de öz fotosuratlaryny we wideolaryny dürli serişdelere satmakdan gelen girdejiler arkaly ýapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.