Finlýandiýada raýatlyk almak üçin synagdan geçmeli

10.08.2026, 21:594,855

Finlýandiýa 2027-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap raýatlyk almak isleýän dalaşgärlerden fin jemgyýetiniň gurluşy boýunça synag tabşyrmagy talap eder. Bu barada ýurduň Migrasiýa gullugyna salgylanyp, Yle teleradiokompaniýasy habar berýär.

Täze talap diňe görkezilen seneden soň resminama tabşyrjak adamlara degişli bolar.

Synag elektron formatda fin ýa-da şwed dilinde geçirilip, 18-65 ýaş aralygyndaky raýatlyga dalaşgärleriň fin jemgyýetiniň esasy ýörelgeleri, kanunçylyk, adam hukuklary, deňlik meselesi, ýurduň taryhy we medeniýeti baradaky bilimlerini barlar.

Ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde fin ýa-da şwed dilinde bilim alan adamlar bu synagdan boşadylar. Täze ulgamy ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan 800 000 ýewro bölünip berildi.

Ýurduň içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, geljekde ýaşamak üçin rugsatnama almagyň möhletini 4 ýyldan 6 ýyla çenli artdyrmak, döwlet dillerini bilmegi tassyklamak we 2 ýyllyk iş tejribesini talap etmek ýaly täze düzgünleri girizmek hem meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.