Kaliforniýaly Bob Şepparda aradan çykan ene-atasyndan hat gelip gowuşdy. Ony kakasy bilen ejesi mundan 26 ýyl öň Kopengagene (Daniýa) baran wagty iberen eken. Bu wakany abc7 teleýaýlymynda gürrüň berdiler.
Şunça ýyl soň gelip gowşan otkrytkanyň arkasynda şeýle ýazgy bar:
«Uçup barýarkak köp suw bilen bagy-bossanlyk gördük. Mähir-muhabbetimizi ýollaýas. Ejeň bilen kakaň».
Hatyň özünde 2000-nji ýylyň iýul aýynyň möhri bar, ýöne Amerikanyň poçta gullugynyň uran möhründe 2026-njy ýylyň awgust aýy görkezilen.
Ýerli poçta işgäriniň çaklamasyna görä, şeýle uzak wagtlap gijikdirilmegine hatyň «atdanlykda tertipleme gutusyndan gaçyp galmagy ýa-da gulluk mebeliniň arka tarapyna düşmegi» sebäp bolan bolmagy ähtimal.
«Olar [poçtadakylar] hatyň üstünden indi baryp, "Beh, bu adam entegem-ä şol öňki salgysynda ýaşaýan eken. Geliň, oňa bu haty ugradalyň" diýen bolsalar gerek».
Şeppardy bu hadysa gaty tolgundyrdy. Onuň ejesi Joan dört ýyl ozal aradan çykdy, ömrüniň ençeme ýylyny harby gulluga bagyşlan weteran kakasy Jon bolsa alty ýyl ozal COVID-19 pandemiýasy döwründe ýogalypdy. Hassahanadaky çäklendirmeler sebäpli Bob kakasy bilen ibaly hoşlaşyp hem bilmändir.
«Bu meniň üçin göýä arşdan gelen hat ýaly boldy» diýip, ol garaşylmadyk tapyndyny indi hakyky maşgala hazynasy ýaly apalap saklaýar.
Indi bu hat öýdäki ýadygärlik galan beýleki suratlaryň hem-de hatlaryň arasynda ornuny tapdy. Şol ýerde onuň ene-atasynyň bütin dünýä — Pasha we Galapagos adalaryndan başlap, Afrika ýurtlaryna çenli eden syýahatlaryndan galan suratlar hem saklanýar.