Kanadadaky tokaý ýangynlarynyň tüssesi Nýu-Ýorky we ABŞ-nyň beýleki şäherlerini gaplap aldy

Şu gün, 00:151,065
1 / 7

Kanadada bolup geçýän ägirt uly tokaý ýangynlarynyň tüssesi ABŞ-nyň gündogaryndaky Nýu-Ýork, Detroýt, Minneapolis we beýleki şäherlerine çenli ýetdi. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, birnäçe sebitlerdäki howanyň hili adamyň saglygy üçin howply derejede bolmagynda galýar diýip, Associated Press habar berýär.

Ýagdaýyň has-da kynlaşmagyna sebitde dowam edýän adatdan daşary yssy howa hem sebäp bolýar. Amerikanyň birnäçe iri şäherlerinde, meselem Nýu-Ýorkda we Waşingtonda gyzgynlyk 40 °C, Filadelfiýada bolsa 41 °C çenli ýokarlanýar.

Kanadanyň tokaý ýangynlary boýunça pudagara merkeziniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurtda takmynan 850 sany işjeň ýangyn ojagy hasaba alyndy we diňe soňky 24 sagadyň içinde olaryň ýene 20-si ýüze çykdy. Ýylyň başyndan bäri bolsa jemi 3,5 müňden gowrak tokaý ýangyny bolup, 1,9 million gektardan gowrak tokaý meýdany kül boldy.

Edil häzir iň agyr ýagdaý Ontario welaýatynyň günbatar we merkezi sebitlerinde emele geldi. Tüsse we duman astynda galan ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary, şol sanda Torontonyň ilaty köpçülikleýin göçürilýär. Şeýle-de Armstrong şäheriniň golaýynda adamlary halas etmäge gatnaşan ýolagçy otlusy we ýene birnäçe otly ýangyn gurşawynda galdy.

Howanyň hiline gözegçilik edýän IQAir gullugynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä boýunça howasy iň erbet hapalanan şäherleriň sanawynda Detroýt we Minneapolis öň hatarda barýar, Toronto bolsa ilkinji üçlüge girýär. Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Zohran Mamdani ýaşaýjylara mümkin boldugyça öýlerinden çykmazlygy maslahat berdi we şäher häkimligi tarapyndan ilata gorag örtüklerini mugt paýlamak işleri başlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.